04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Çepercilik Sungaty Muzeýinde Açylan Sergi «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramyna Bagyşlandy

Çepercilik Sungaty Muzeýinde Açylan Sergi «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramyna Bagyşlandy

Sergini Aman Amangeldiýewiň eserlerinden ikisi açýar. “Garagum derýasynyň gurluşykçylary” atly suratynda nakgaş emeli derýanyň gurluşygynyň bir tapgyryny şekillendiripdir. Gün jöwzasy çägäni gyzylymtyl reňke boýapdyr, suw gurluşykçylaryň zähmete werziş elleri we Güne gaýzygan ýüzi olaryň ýeňil bolmadyk işinden habar berýär. Beýleki bir “Garagum derýasynyň gurluşykçysynyň portreti” atly işi hem suw gurluşykçylary wasp edýär. Onda ekskawatory bilen onlarça kilometr cäge depelerinden aşyp kanal gazan, zähmet adamsynyň keşbi şekillendirilipdir. Gahrymanyň gözlerinde rahatlyk we ygtybarlyk duýulýar. Ol çylşyrymly howa şertlerinden çekinmeýär, çünki suw gelse, ozal çaňap ýatan ýerleriň gülzarlyga öwrüljekdigini gowy bilýär. Kerim Gullaýewiň “Garagum derýasynyň gurluşykçylary” eserinde bolsa başga bir pursat – kanalyň düýbüniň gazylýan pursady beýan edilýär.

Sergä gelenler Türkmenistanyň halk nakgaşy Baba Owganowyň suratynyň ýanynda köp eglenýärler. Onda miraplaryň birnäçesi işden ozal maslahat edýärler.

Sergide Natalýa Kirillowanyň “Mirap’”atly eserler tapgyryndan birnäçesi goýlupdyr. Olaryň birinde atyzyň gyrasynda çaýlap oturan mirap gazet okap dynç alýar. Töwereginde bolsa ýaňy gögerip gelýän ekinler ýaýylyp ýatyr. Beýleki birinde öri meýdanyndaky nowa suw paýlaýan goja, ýanynda bolsa, el-aýak ýaly kömekçisi-agtygy şekillendirilen.Türkmenistanyň at gazanan nakgaşy Nyýazmyrat Dowodowyň eserinde ilata agyz suwuny berýän beket şekilendirilipdir. Güne ýanan jaýyň reňkide çägesöw bolup gidipdir.

Nakgaş Artyk Remezanowyň „Dagly zenan“ atly eserinde 19 asyrda Gündogarda giňden ýaýaran ýordum ulanylypdyr—gök köýnekli, egni küýzeli dag gözeliniň owadanlygy ozaldan däp bolan ýol-ýörelgäniň dowamy bolup görünýär.

Suwa we suw ugrundan işleýän ussatlara sarpa goýmak däbiniň milli çeperçilik sungatynda beýan edilmegi göwnüňi galkyndyrýar. Suwy aýawly ulanmak ganyna siňen halk çöl-beýewany bagy-bossanlyga öwürýär. Asyrlarboýy suw damjasyny altyn dänesine deňän ilimizde suwdan rejeli peýdalanyp zähmet çekýänleriň sylag-sarpasy häzirem belent tutulýar.

Degişli makalalar

Birinji Ligaň Toparlary Üçünji Tapgyryň Duşuşyklaryny Geçirdiler

Türkmenistanda Iordaniýanyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Hukuk Ulgamyndaky Hyzmatdaşlygy Berkidip

syrach