24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dalaşgärleri bellige almak başlandy.

Türkmenistanyň welaýatlarynda 19-njy awgustda geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda Geňeşleriň agzalaryna we iki saýlaw okrugy -Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy hem-de Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okruglary boýunça çykyp giden parlamentarileriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. 

Düýn, 15-nji iýulda okrug saýlaw toparlary dalaşgärleri bellige almaga başladylar. Öň habar berlişi ýaly, milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda Geňeş agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek 2012-nji ýylyň 5-nji iýulynda başlady. Dalaşgärleri hödürlemek jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem raýatlar toparlarynyň mejlislerinde hem-de ýygnaklarynda hödürlenilýär. Dalaşgärler bellige alnandan soň olar we ynanylan adamlary saýlawçylar bilen ýygnaklar hem-de duşuşyklar geçirmek arkaly, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz ediş işine girişýärler. 

Ähli okruglarda bir orna birnäçe dalaşgär hödürlenilýär, munuň özi saýlawlaryň bäsleşiklilik ýörelgelerine laýyk gelýär hem-de garaşsyz, bitarap Türkmenistanda demokratik ýagdaýlaryň çuňlaşmagynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. Saýlawlaryň açyklygyna we aýanlygyna şolara milli synçylaryň gatnaşmagy hem ýardam eder. 

Bütin dünýäniň iş tejribesinde giňden ulanylýan bu demokratik ýörelgeler ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna iň mynasyp adamlaryň-öz ähli güýçlerini, tejribesini we bilimlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin sarp etmäge çalyşýan ak ýürekli, zähmetsöýer, oňat guramaçylyk ukyplary, işjeň durmuş hem-de raýat garaýşy bolan adamlaryň saýlanylmagyna ýardam eder. 

Häzirki wagtda saýlaw uçastoklarynyň ählisi degişli guramaçylyk tehnikasy, saýlawlar boýunça görkezme-habar beriş maglumatlary bilen üpjün edildi. Düşündiriş beriş, usulyýet we aň-bilim edebiýaty, kanunçylyk namalarynyň ýygyndylary, düşündiriş kitapçalary, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki materiallar ýeterlik möçberde bar, olarda häzirki jemgyýetçilik-syýasy möwsüm hakynda zerur maglumatlar berilýär. 

Bellige alnan dalaşgärler, şeýle hem saýlawçylar bilen duşuşyklaryň geçiriljek wagty we ýeri hakyndaky maglumatlar ýerli metbugatda çap ediler, şol duşuşyklaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen has doly tanşyp bilerler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

«Söýgi Hakda…»: Resul Gylyjow we Türkmen Sahnasynyň Ýyldyzlary Täze Konsert Berdiler

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Harby Borçlulyk we Harby Gulluk Hakyndaky»

turkmenhabargullugy

Daşoguzyň Beki Seýtäkow Adyndaky Mugallymçylyk Mekdebiniň Döredilenine 90 Ýyl Doldy