22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Türkmen boksçylary ýeňiş gazanmaga ymtylýarlar.

Türkmen boksçylary – ýylyň dünýä boýunça baş sport wakalaryna gatnaşyjylary – Nursähet Pazzyýew we Serdar Hudaýberdiýew Beýik Britaniýanyň Uelse welaýatynyň Kardif-siti şäherinde geçiriljek oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde okuw-türgenleşik işleriniň tamamlaýjy tapgyryna gadam basdylar. 
Hut boks sporty Garaşsyz Türkmenistanyň sportda gazanan üstünlikleriniň üstüni ilkinji olmpiýada medaly (bürünç) bilen ýetirendigini ýatlap geçeliň. Ony 2010-nji ýylda Singapurda geçirilen birinji ýaşlar Bütindünýä olimpiýa oýunlarynda Nursähet Pazzyýew gazanmagy başardy. Indi onuň klassiki Olimpiadada tapawutlanmagyna mümkinçilik bar. Şeýle hem boks Bütindünýä olimpiadalarynda türkmen eminleriniň ýüze çykmagyna itergi berdi: 2004-nji ýylda Afinada geçirilen Olimpiadada biziň ildeşimiz Nurmuhammet Potdyýew planetanyň esasy oýunlarynda hyzmat atdi. 
N. Pazzyýew 2004-nji ýurdumyzyň birinjiliginde „altyn“ medaly almagy başardy, ondan üç ýyl soň bolsa ol Hindistanda ýaşlaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşiginde çykyş etdi hem-de wise çempion boldy. Nursähet 2010-njy ýylda Aziýanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen bäsleşikde finala çykmagy başardy we kümüş medalyň eýesi boldy. Bu bolsa oňa ilkinji ýaşlar Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma almaga şert döretdi. 
Londonda geçiriljek häzirki Olimpiada gatnaşmaga hukugy Nursähet erkekleriň arasynda Aziýanyň ýazky çemionatynda 75 kilogram agram derejsinde çykyş edip gazanmagy başardy. 
Serdar Hudaýberdiýew öňde duran Oýunlarda 64 kilograma çenli bolan agramlyk derejesinde çykyş eder. 
Ol 2002-nji ýylda erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony diýen ady alan iň ýaş türgen diýlip hasap edildi: şonda onuň bary-ýogy 16 ýaşy bardy. Serdar birnäçe ýylyň dowamynda milli birinjiligiň öňdäki ornuny eýeläp geldi. 2009-njy ýylda bolsa ol erkekleriň arasynda Hytaýda geçirilen Aziýanyň çempionatynda haýran galdyryjylyk bilen altyn medaly gazanýar. Italiýada geçirilen dünýä çempionatynda bolsa planetanyň iň gowy bäş sany boksçysylarynyň hataryna girýär. 
Nursähet Pazzyýew we Serdar Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň düzümine girýärler. 

Suratda: N.Pazzyýew (çepde), Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Gurbanow (ortada) we S.Hudaýberdiýew.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Halkara Atçylyk Sport Toplumyndaky Dabaralar

syrach

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotusuratlary 1

turkmenhabargullugy

Alekper Ahmedow-Halkara Dag Marafonynyň Ýeňijisi

turkmenhabargullugy