23.6 C
Aşkabat
18.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Daşary Ýurt Raýatlary: Wizalary Resmileşdirmek

Daşary Ýurt Raýatlary: Wizalary Resmileşdirmek

Wizalary resmileşdirmek.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.

Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

Türkmenistanyň çäklerinde – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz tutýar.

Wizalaryň berilmegi baradaky ýüztutmalara we olara goşulan resminamalara, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gelip gowşan pursatyndan başlap, adaty tertipde – 10 (on) iş gününiň, gyssagly tertipde bolsa – 3 (üç) iş gününiň dowamynda garalýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan wizalary bermek üçin çakylyklar üç aý möhlet bilen berilýär.

Wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna bellenen görnüşdäki ýüztutmalary we olara goşulýan resminamalary hereket edýän wizalaryň möhletiniň tamamlanmagyndan öň, işçi wizalary üçin bolsa tamamlanmagyna iki aý galanda berilmegi zerurdyr.

Wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmak barada Toparyň kabul eden çözgütleri 45 günüň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Daşary ýurt raýaty wizanyň hereket ediş möhleti tamamlananda, wizanyň hereket ediş möhletini uzaltmak hakyndaky ýüztutma kanagatlandyrylman galdyrylanda, oňa berlen wiza ýatyrylanda we onuň ýurduň çäginde bolmaly möhleti gysgaldylanda hem-de beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhleti tamamlananda Türkmenistandan çykyp gitmäge borçlydyr.

Daşary ýurt raýatynyň pasportynda ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynda hereket edýän ýa-da ulanylmadyk wizasy bar mahaly, ol ýörite möhür arkaly bellenen tertipde ýatyrylandan soň täze wiza stikeri resmileşdirilýär. Wizanyň uzaldylmagy muňa degişli däldir.

Daşary ýurt raýaty Türkmenistanda bolýan döwründe ýelmenen wiza stikeri bilen pasportyny ýitiren halatynda:

pasportyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň ýitirendigi hakynda Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna haýal etmän habar bermäge, şeýle hem bu barada Türkmenistanyň içeri işler edaralaryndan delilhatyny almaga;

özüniň raýatlygy degişli bolan ýa-da özüniň hemişelik ýaşaýan ýeri bolan döwletiniň Türkmenistandaky ýa bolmasa üçünji ýurtdaky diplomatik wekilhanasyna we konsullyk edarasyna, ýa-da şol döwletiň daşary işler ministrligine Türkmenistanyň wizasyny bellenen tertipde resmileşdirmek üçin pasportynyň we onuň ornuny tutýan resminamasynyň berilmegi hakyndaky haýyş bilen ýüz tutmaga borçludyr.

Wizalaryň derejeleri:
1 Diplomatik wiza DP
2 Gulluk wiza OF
3 Işewürlik wiza BS
4 Işçi wiza WP
5 Hususy wiza PR
6 Talyp wiza ST
7 Syýahatçylyk wiza TU
8 Üstaşyr geçmek üçin wiza TR
9 Saglygy bejeriş wiza HL
10 Sürüjilik wiza DR
11 Çykyş wiza EX

Wizalaryň görnüşleri:

a) bir gezeklik, iki gezeklik;
b) köp gezeklik.

Wizalary resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy
Işewürlik (BS) wizasy:

1) bellenen görnüşdäki ýüztutma, 3 sany;
2) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 sany;
3) daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen baglaşan şertnamalaryny durmuşa geçirmek üçin çagyran halatynda ýüztutmanyň ýanyna degişlilikde şertnamany baglaşan ministrligiň, pudak edarasynyň ýolbaşçysynyň towakganamasy ýa-da şol daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda işlemegi hakyndaky meseläniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylandygyny tassyklaýan resminamalar goşulýar;
4) daşary ýurt raýatynyň çagyrylmagynyň maksadalaýyklygyny görkezmek bilen, kärhananyň edýän işi barada maglumat, 1 sany;
5) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;
6) 5*6 reňkli suratly şahsy kagyz, 1 sany;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibine laýyklykda güwä geçilen Türkmenistanda kabul edýän edara görnüşli taraplaryň dörediş resminamalary, alyp barýan işini amala aşyrmaklyga rugsat berýän resminama (ygtyýarnama) we baglaşan şertnamalarynyň nusgalary (kärhana birinji gezek ýüz tutanda, dörediş resminamalaryň möhletleri tamamlananda ýa-da olara üýtgetmeler girizilen halatlarynda talap edilýär);
8) kärhananyň ygtyýarly edilen wezipeli adamy tarapyndan wiza işleri boýunça ygtyýarly wekiline berýän ynanç haty (kärhana birinji gezek ýüz tutanda, ynanç hatynyň möhleti tamamlananda ýa-da üýtgemeler girizilen halatlarynda) talap edilýär.

Işçi (WP) wizasy we iş rugsatnamasy:

1) bellenen görnüşdäki ýüztutma , 3 sany;
2) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 sany;
3) daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen baglaşan şertnamalaryny durmuşa geçirmek üçin çagyran halatynda ýüztutmanyň ýanyna degişlilikde şertnamany baglaşan ministrligiň, pudak edarasynyň ýolbaşçysynyň towakganamasy ýa-da şol daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda işlemegi hakyndaky meseläniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylandygyny tassyklaýan resminamalar goşulýar;
4) daşary ýurt raýatynyň çagyrylmagynyň maksadalaýyklygyny görkezmek bilen, kärhananyň edýän işi barada maglumat, 1 sany;
5) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany.
6) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 sany;
7) adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseli (AIW ýokuşmasy) ýokdugy barada Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan tassyklanan resminama (kepilnama);
8) çagyryjy tarap bilen çagyrylýan daşary ýurt raýatynyň arasyndaky zähmet şertnamasynyň nusgasy (aýratyn halatlarda wezipesini tassyklaýan resminama talap edilýär);
9) bellenen görnüşdäki borçnama, 1 sany;
10) daşary ýurt raýatynyň iş berijiniň möhüri bilen bilimini tassyklanan resminamanyň göçürmesi we terjimesi, 1 sany;
11) iş rugsatnamasynyň nusgasy (bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmek üçin iş rugsatnamanyň asyl nusgasy talap edilýär), 1 sany;
12) bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmek üçin öňki iş berijiniň ylalaşyk haty (iş rugsatnamasyny bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirlen halatynda talap edilýär);
13) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibine laýyklykda güwä geçilen Türkmenistanda kabul edýän edara görnüşli taraplaryň dörediş resminamalary, alyp barýan işini amala aşyrmaklyga rugsat berýän resminama (ygtyýarnama) we baglaşan şertnamalarynyň nusgalary (kärhana birinji gezek ýüz tutanda, dörediş resminamalaryň möhletleri tamamlananda ýa-da olara üýtgetmeler girizilen halatlarynda talap edilýär);
14) kärhanada işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň atma-at sanawy we olaryň arasyndaky göterim gatnaşygy (ygtyýarly edilen wezipeli adamyň goly we möhüri bilen tassyklanan görnüşde) barada bellenen görnüşdäki maglumat (A,B,Ç. görnüşdäki maglumat kärhana birinji gezek ýüz tutanda we göterim gatnaşygy üýtgän halatynda talap edilýär), 1 sany;
15) kärhananyň ygtyýarly edilen wezipeli adamy tarapyndan wiza işleri boýunça ygtyýarly wekiline berýän ynanç haty (kärhana birinji gezek ýüz tutanda, ynanç hatynyň möhleti tamamlananda ýa-da üýtgemeler girizilen halatlarynda) talap edilýär.

Hususy (PR) wizasy:

1) bellenen görnüşdäki arza, 3 sany;
2) ýüz tutýan raýatyň pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;
3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;
4) garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;

Talyp (ST) wizasy:

1) bellenen görnüşdäki ýüztutma, 3 sany;
2) Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ýazmaça towakganamalary (ýüztutmalary);
3) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 sany;
4) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;
5) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 sany.
Syýahatçylyk (TU) wizasy:
1) bellenen görnüşdäki ýüztutma, 3 sany;
2) syýahatçylyk maksatnamasy, 1 sany;
3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;
4) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 sany;
5) ýüz tutýan tarapyň syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasynyň nusgasy (çagyryjy tarap 1-nji gezek ýüz tutanda we ygtyýarnamanyň möhleti tamamlananda talap edilýär).

Üstaşyr (TR) wizasy:

1) daşary ýurt raýatynyň şahsy arzasy (ýüztutmasy) ýa-da ýüz tutýan tarapyň ýazmaça towakganamasy, 3 sany;
2) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;
3) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz,1 sany;
4) üçünji daşary ýurt döwletine girmäge ygtyýar berýän resminamasynyň nusgasy (wizasy ýa-da beýleki resminamalar).

Saglygy bejeriş (HL) wizasy:

1) daşary ýurt raýatynyň şahsy arzasy (ýüztutmasy) ýa-da ýüz tutýan tarapyň ýazmaça towakganamasy, 3 sany;
2) Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen hem-de şol adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň zerurlygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasy, 1 sany;
3) Daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;
4) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 sany.

Sürüjilik (DR) wizasy:

1) bellenen görnüşdäki ýüztutma, 3 sany;
2) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 sany;
3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň göçürme nusgasy, 1 sany;
4) 5*6 reňkli suratly Şahsy kagyz, 1 sany.
Çykyş (EX) wizasy:
1) bellenen görnüşdäki ýüz tutma, 2 sany;
2) daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 2 sany;
3) daşary ýurt raýatynyň hakyky pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy, 1 sany;

Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda goşmaça resminamalar talap edilip bilner.

WIZA TÖLEGLERI

ADATY WIZALAR

10 gije – gündize çenli – 20 amerikan dollary;
20 gije – gündize çenli – 30 amerikan dollary;
1 aýa çenli – 40 amerikan dollary;
soňraky her aý üçin – 30 amerikan dollary;

KÖP GEZEKLIK WIZALAR

1 aýa çenli – 60 amerikan dollary;
soňraky her aý üçin – 40 amerikan dollary;

WIZALARYŇ UZALDYLMAGY ÜÇIN
ADATY WIZALAR

10 gije – gündize çenli – 20 amerikan dollary;
20 gije – gündize çenli – 30 amerikan dollary;
1 aýa çenli – 40 amerikan dollary;
soňraky her aý üçin – 30 amerikan dollary;

WIZALARYŇ UZALDYLMAGY ÜÇIN
KÖP GEZEKLIK WIZALAR

1 aýa çenli – 60 amerikan dollary;
soňraky her aý üçin – 40 amerikan dollary;

BIR GEZEKLIK 5 GÜNE ÇENLI
ÜSTAŞYR GEÇMEK ÜÇIN WIZALAR

wiza üçin – 20 amerikan dollary;
iki gezeklik her bir sapary 5 güne çenli üstaşyr wiza üçin – 40 amerikan dollary;

HALKARA HOWA MENZILINDE ALYNÝAN WIZALAR

wiza üçin alynan ýygyma goşmaça    – 50 amerikan dollary alynýar;

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ WIZALARYNA HAÝSYDYR BIR
ÜÝTGETMELERIŇ GIRIZILMEGI ÝA–DA OZAL
RESMILEŞDIRILEN WIZANYŇ KÖNE PASPORTDAN TÄZESINE GEÇIRILMEGI ÜÇIN

-15 amerikan dollary möçberde ýygym alynýar.
7 ýaşa çenli çagalar ýygymlary tölemekden boşadylýar;
7-den 16-y ýaşa çenli çagalar üçin ýygymlaryň möçberi 50 göterim azaldylýar;

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

Köp Çagaly Maşgalalara Döwlet Baştutanymyz Adyndan Täze Öýleriň Açarlary Gowşuryldy

Türkmenistanda Ýurduň Taryhy-Medeni Ýadygärliklerini Gorap Saklamak Boýunça Gazna Dörediler

Gurbanguly Berdimuhamedow: V Aziýa Oýunlary Oňa Gatnaşyjylaryň Düzümi Boýunça-da, Sport Görnüşleriniň Sany Boýunça-da Aýratyn Häsiýete Eýedir

turkmenhabargullugy