18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Daşoguz welaýatynda gowacha ekişine girişildi.

Ýurduň demirgazyk sebitiniň ekerançylary gowaça ekişe girişdiler. Bu jogapkärçilikli oba hojalyk möwsümi Köneürgenç etrabynyň “Bereket” düýhan birleşiginiň gowaça ekiljek meýdanlarynda badalga aldy.

Öňden dowam edip gelýän däbe görä hormatly ýaşulylar gowaça ekilşine ak pata berdiler, olaryň yzy bilen bolsa mehanizatorlar ekişe girişdiler.

Kuwwatly belarus traktorlary, şeýle hem germaniýanyň meşhur «Claas» kompaniýasynyň traktorlary, beýleki ýokary öndürijilikli oba hojalyk maşynlary ýazky ekiş işlerini gysga möhletlerde ýerine ýetirmäge şertleri döreder. Ekişde gowaça ekiji seýalkalaryň 525, asma enjamlarynyň ýüzlerçesi, häzirki zaman toprak bejeriji mehanizimler doly güýjünde ulanylar.

Welaýat boýunça gowça ekmäge 140 müň gektar bölünip berildi. Gowaçanyň “149F”, “S-4727”, “Daşoguz-120”, “Serdar” görnüşleri bu sebitiň toprak-howa şertlerine gowy hilli uýgunlaşdylar. Gowaçanyň tohumlyk görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň A.Kakabaýew adyndaky, Köneürgenç etrabynyň “Pagtaçy”, Görogly etrabynyň “Abadanlyk”, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň “Şabat”, Boldumsaz etrabynyň “10 ýyl abadançylyk”, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Şatlyk” ýöriteleşdirilen tohumçylyk daýhan birleşikleriniň ekerançylary baý tejribe topladylar. Şeýle hem welaýatda gowaçanyň ýokary hasylly, çalt ýetişýän, kesele garşy durnukly görnüşlerini, ýokary süýüm berijiligi bilen tapawutlanýan görnüşlerini ösdürip ýetişdirmkde seçgi işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Geljekde sebitde pagtany gaýatadan işlenşiniň möüberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikler açylar. Şunlukda, Köneürgençde golaý wagtda ýylda pagta ýüplüginiň alty müň tonnasyny taýýaralaýan täze pagta egiriji fabrik ulanyşa beriler. Köneürgenç etrabynda bolsa, kuwwatlylygy ýylda kyrk müň tonna pagta arassalaýjy täze kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu kärhana tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdiriler. Görogly we Akdepe etraplarynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda iň täze tehnologiki enjamlar bilen üpjün edilen önümçilik bölümleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan – BMG: Ilat Gaznasy Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach