26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Dmitriý Medwedew: Amaly Hyzmatdaşlygy Ösdürmek Russiýanyň we Türkmenistanyň Uzakmöhletleýin Gyzyklanmalaryna Laýyk Gelýär

Dmitriý Medwedew: Amaly Hyzmatdaşlygy Ösdürmek Russiýanyň we Türkmenistanyň Uzakmöhletleýin Gyzyklanmalaryna Laýyk Gelýär

Amaly hyzmatdaşlygy doly derejede ösdürmek Russiýanyň we Türkmenistanyň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna laýyk gelýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew RF bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagynda aýdylýar.

«Biziň ýurtlarymyzy wagtyň synagyndan geçen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Energetikada, senagatda, ulag infrastrukturasynda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarda iri taslamalar durmuşa geçirilýär» diýlip, D.Medwedewiň hatynda aýdylýar.

Rus hökümetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, «sebitara ugurda düýpli dialog alnyp barylýar, işewür toparlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň arasynda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topar möhüm utgaşdyryjy wezipäni ýerine ýetirýär».

Dmitriý Medwedew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmeklige goşýan düýpli goşandyny belledi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

syrach

Türkmen Telekeçileri Katara Eksport Etmäge Taýýar

Ahalteke Atçylyk Toplumynda Geçirilen Dabara Fotosuratlary

turkmenhabargullugy