27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Dohada Türkmenistanyň Eksport Harytlarynyň Sergisi Bilelikdäki Taslamalar Üçin Mümkinçilikleri Görkezdi

Dohada Türkmenistanyň Eksport Harytlarynyň Sergisi Bilelikdäki Taslamalar Üçin Mümkinçilikleri Görkezdi

Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol sergi katar hyzmatdaşlaryna döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürip bilýän gaýtadan işleýän pudaklaryň döwrebap düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Syn ediş meýdançalarynda soňky ýyllarda et-süýt, gaplanan balyk önümleriniň we beýlekileriň täze görnüşleriniň 200-den gowragyny özleşdiren Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň önümçilik bölümleri derman serişdeleriniň önümleriniň uly sanawyny görkezdiler. Olaryň hatarynda bejeriş palçyklary, bejeriş häsiýetli fito-çaýlar bar.

Türkmen halyçy gelin-gyzlaryň ajaýyp el işleri—zenanlaryň haly torbalary, many-mazmuny özünde jemleýän halylar, milli öwüşginli çeper bezelen sowgatlyklar we ençeme beýlekiler sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi.

Dokma senagaty ministrligi jinsi, tüýjümek, trikotaž hem-de matalaryň beýleki görnüşlerinden, nah ýüplükden taýar önümleriň giň görnüşlerini görkezdi. Önümleriň arasynda “Aziýada-2017-niň” nyşany bolan önümler, hususan-da, oýunlaryň tumarynyň – Wepaly diýen alabaýyň şekilleri bolan sport egin-eşikler bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem bu ýerde özleriniň köpdürli harytlaryny çykaryp, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçiliklerini görkezdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Lebap Welaýatyna Ugrady

turkmenhabargullugy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul Şäherinde Halkara Bitaraplyk Gününe Bagyşlanan Maslahat Geçirildi

Türkmenistanly Türgenleriň BAE-de Geçirilen Ýörite Olimpiadada Gazanan Üstünlikleri