27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa Resmi Sapary Başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa Resmi Sapary Başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Kuala-Lumpuryň Halkara howa menziline gondy. Şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Malaýziýanyň paýtagtynyň howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly ýazylan ýodajygyň ugrunda uçaryň ýanynda hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýietiniň agzalary, garşylaýarlar.

Howa menzilinden türkmen Lideriniň awtoulag kerweni döwlet Baştutanymyzyň iki günlük sapary wagtynda bölünip berlen “Şangri-La” kaşaň myhmanhanasyndaky kabulhanasyna tarap ugraýar. Bu ýerde, kabulhananyň eýwanynda milli Liderimizi Malaýziýanyň iri ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary mähirli garşylaýarlar, olar Watanymyza we halkymyza wepaly ruhubelent ýaşlarymyza daşary ýurtda wekilçilik edýändiklerine buýsanýarlar hem-de bilimleri, hünärleri, zähmet başarnyklaryny ele almaga uly höwes bildirýärler.

Ýaş türkmenistanlylar alyp barýan oňyn daşary hem-de içeri syýasaty, hemmetaraplaýyn düýpli özgertmeler, şol sanda bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem öz alan bilimlerini abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösmegi üçin netijeli peýdalanjakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplaryň ýaşaýyş şertleri hem-de okuwda gazanýan üstünlikleri bilen gyzyklanyp, ylym-bilim aragatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny belledi, bu meselä hem 8-nji noýabrda ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda garalar.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara atalyk maslahatyny berip, olara bilimleri, täze tehnologiýalary hem-de hünär ussatlygyny ele almakda tutanýerlilik arzuw etdi. Eziz Watanymyza öz işini bilýän ýokary derejeli hünärmenler hökmünde gaýdyp baryň—biziň öňümizde iri möçberli meýilnamalar we wezipeler durýar, şonda siziň başarnygyňyz hem gujur-gaýratyňyz, täzeçil pikirleriňiz hem çözgütleriňiz zerur bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ertir möhüm ähmiýetli gepleşikleriň boljakdygyny, olarda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň geljeginiň we mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Şeýle hem şu gün türkmen wekiliýetiniň agzalary Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar hem-de olara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan kitaplary — hormatly Prezidentimiziň eserlerini gowşurdylar.

Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň iş maksatnamasynda Malaýziýanyň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz öňde boljak ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň hem-de däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglylykda, möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady we netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek hem-de malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen dürli ugurlar boýunça tejribe alyşmak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýa amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi, şol saparyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklaryň birnäçesi gazanyldy. Şeýle hem Malaýziýanyň premýer-ministriniň 2011-nji we 2014-nji ýyllarda biziň ýurdumyza bolan resmi saparlary döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhyna möhüm sahypalary ýazdy, şol saparlaryň barşynda taraplaryň däp bolan özara ynama, uzakmöhletleýinlik, deňlik we iki tarap üçin hem bähbitlilik ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Malaýziýanyň Ilçihanasy açyldy, 2013-nji ýylyň mart aýynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Kuala-Lumpurda biziň ýurdumyzyň Ilçihanasy işläp başlady. Geçen ýylyň fewral aýynda iki döwletiň paýtagtlaryny birleşdirýän göni howa gatnawy ýola goýuldy.

Iki tarapyň hem ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek gerek, olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gazhimiýa, elektron, dokma, azyk senagaty we beýleki pudaklar görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet we telekeçilik düzümleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň, işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, olar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň anyklaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Iki ýurduň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde Malaýziýanyň belli “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistandaky netijeli işini mysal getirmek bolar, bu kompaniýa Hazar deňziniň türkmen kenarynyň uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek bilen meşgullanýar. Şeýle hem bu iri işewürlik düzümi ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri—tehniki hünärmenleri we ýokary derejeli inženerleri hem-de ýolbaşçy düzümleriň işgärlerini taýýarlamaga ýardam berýär. “Petronasyň” tehnologiýa uniwersitetiniň binýadynda eýýäm türkmen talyplarynyň onlarçasy bilim aldylar we häzirki wagtda olaryň bir topary okuwyny dowam etdirýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydyr.

Şeýle hem medeniýet ulgamyndaky däbe öwrülen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar, şunda ozaly bilen iri möçberli medeni çäreleriň, hususan-da, Medeniýet günleriniň geçirilmegine özara gyzyklanma bildirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklaryny esasy ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň, diniň we däp-dessurlaryň, ahlak ýörelgeleriniň birleşdirýändigini yzygiderli nygtaýar, munuň özi özara hormaty pugtalandyrýan ynsanperwer gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri döredýär hem-de birek-birege düşünmäge ýardam berýär.

Döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ýörelgeleriniň umumylygyny hasaba almak bilen, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynyň uly geljeginiň bardygy bellenildi, munuň özi ruhy hem-de maddy-medeniýetiň baý mirasyna eýe bolan iki halkyň göni hem-de ýakyn aragatnaşyklary saklamagy üçin giň mümkinçilikler açýar.

Iki ýurduň arasynda emele gelen ygtybarly gatnaşyklar diňe bir syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin däl-de, eýsem halkara derejesinde hem, ozaly bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleri hem-de sebitleýin guramalar, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň we beýlekileriň binýadynda ylalaşykly hereket etmek üçin mümkinçilikler döredýär.

Türkmen Lideriniň Malaýziýanyň hökümet baştutany – Dato Sri Mohd Nadjib Bin Tun Abdul Razakyň çakylygy boýunça dostlukly ýurda nobatdaky sapary emele gelen oňyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge, bilelikdäki işleriň netijesinde toplanan baý tejribäni hem-de örän baý serişdeler hem-de ykdysady kuwwatlyklary doly herekete getirmek nukdaý nazaryndan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine umumy çemeleşmeleri anyklaşdyrmaga ýardam berer. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriniň giň toplumy boýunça düýpli pikir alyşmalar bolar.

Öňde boljak ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar, bu ylalaşyklar däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berer.

Degişli makalalar

Awgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk DöwridirAwgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk Döwridir

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz Welaýatynyň Baş Metjidinde Sadaka Berdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-Dünýä Energetikasynyň Durnukly Ösüşiniň Strategik Merkezi