20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Möhletinden Öň Çykyp Gidenleriň Ýerine Mejlisiň Deputatlygyna, Şeýle Hem Halk Maslahatlaryna we Geňeşlere Dalaşgärler Hödürlenilýär

Möhletinden Öň Çykyp Gidenleriň Ýerine Mejlisiň Deputatlygyna, Şeýle Hem Halk Maslahatlaryna we Geňeşlere Dalaşgärler Hödürlenilýär

Türkmenistanda möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Paýtagtymyzyň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy we Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça ýurdumyzyň Demiokratik partiýasyndan we raýatlar toparlaryndan öz wekillerini hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi.
Halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalaryň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynda Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň welaýat, etrap we şäher guramalaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçiler toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçýär.

Ähli okruglarda bir orna birnäçe dalaşgärler hödürlenilýär. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Saýlawlara milli synçylaryň gatnaşmagy onuň açyklygyny we aýanlygyny şertlendirýär. Dalaşgärleri görkezmek çäreleri tamamlanansoň, olar bellige alnar. Soňra dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar, şondan soňra saýlawçylar bilen duşuşyklar geçiriler.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisinden

turkmenhabargullugy

“Göreldeli Sürüji” Atly Hünär Bäsleşigi