22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlendi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de işewür hyzmatdaşlaryň gerimini giňeldýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady ösüşiň milli strategiýasyny durmuşa geçirýän özygtyýarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň milli howpsuzlygy pugtalandyrmagyň we türkmen halkynyň asuda hem-de bagtyýar durmuşynyň, ertirki güne bolan ynamynyň ygtybarly binýady bolan milli goşunumyzyň ýokary goranyş ukybyny saklamagyň toplumlaýyn maksatnamasyna ygrarlydygyna belledi. Şonuň bilen baglylykda, Watanymyzyň goragçylarynyň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna, hünär derejesiniň we söweşjeň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. 

Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. 

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howspuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we milli goşunymyzyň kuwawtyny pugtalandyrmaga, harby hünäriň derejesini has-da belende götermäge gönükdirilen giň möçberli harby özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan anyk işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginde ýurdumyzda Türkmenistanyň giň möçberli özgertmeler we ösüş ýolunda üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm şerti bolan jemgyýetçilik asudalygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunçylygy we tertip-düzgüni saklamagyň kepili bolan hem-de raýatlaryň asudalygyna, jemgyýetinde milli ylalaşygyň berkidilmegine gulluk edýän ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde durýan wezipeleriň derwaýysdygyna ünsi çekdi. Munuň üçin düzümiň ýerine ýetrýän işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna doly derejede laýyk gelmelidigini belledi.

Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol öz gezeginde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň esasy ugurlary bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr her ýylda geçirilýän Görkezme taktiki okuw-türgenleşigine taýýarlyk görmegiň çäklerinde aprel aýynda “Sepgit-2013” harbyz-türgenleşik okuwynyň geçirilendigini, onda häzirki zaman harby tehnikalary bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň ýokary derejeli söweşjeň ussatlygyny görkezendigini habar berdi. 

Harby düzümlerde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň goranmak ministrine Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň häzirki zaman harby tehnikalary we ýörite enjamlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, guryýer we harby-deňiz güýçleri üçin ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Watanymyzyň goragçylarynyň gullugy ýokary derejede alyp barmagy üçin ähli zerur şertleriň ýola goýulmalydygyny, olaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidigini belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde harby okuw-türgenleşik tälimleriniň geçirilmegi, harby gullkçylaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny, olaryň häzirki zaman harby tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmek endiginiň ösmegini şertlendirmek bilen bir hatarda, onuň milli goşunymyzyň goranyş kuwwatynyň ýokarlanmagyny, parahatçylyk söýüjilikli Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy ugurlaryny beýan edýändigini aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz öňde boljak Görkezme taktiki okuw-türgenleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün edýän ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. 

Döwlet serhedimiziň goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew hasabat berdi. Şeýle hem beýik Garaşsyzlygymyzyň gazanananlarynyň goragynda durmak ýaly jogapkärli we möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän serhet goragçylarynyň beden we söweşjeň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigi bellnildi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugynyň düzümleriniň Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen araçäkdäki ýagdaýyna gözegçilik etmek bilen bir hatarda, häzirki zaman serhet galalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işlere-de ýeterlik üns bermelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň çäkleriniň goragynla durýan edermen serhetçiler üçin ýokary derejeli gulluk we durmuş şertleriniň döredilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda prokuraturanyň düzümlerinde alnyp barylan işler, şol sanda döwlet düzümlerinde geçirilen seljermeleriň netijeleri we ýurdumyzyň ilatyndan gelip gowuşýan arzalary jikme-jik öwrenmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine örän jogapkärli wezipeleriň degişlidigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz olaryň kanunçylygyň bozulmalarynyň öňüni almak we şeýle ýagdaýlary ýüze çykarmak boýunça netijeli işleri alyp barmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz aýry-aýry döwlet düzümleriniň işine, olaryň hereket edýän milli kanunçylygy gyşarnyksyz berjaý edişine berk gözegçiligi ýola goýmak boýunça Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Içeri Işler ministri I.Mulikowyň hasabatyny diňledi. Ol öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat berilýän döwürde islendik hukuk bozmalaryň öňüni almak, şol sanda ýol-ulag hereketini sazlamak maksady bilen ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler ministrine düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, ministrligiň işgärleriniň täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna ýetmek ugrunda bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda has amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek ugrunda ähli tagallalary etmelidigi bellenildi. Hukuk tertip-düzgünine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ählihalk baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy polisiýanyň podpolkownigi M.Geldiýewi Türkmenistanyň içeri işler minisrtiniň orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesinden boşatmak, polisiýanyň maýory Ş.Işangulyýewi Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda M.Geldiýewe polisiýanyň polkownigi diýen ýörite ady dakmak hakyndaky Permana hem gol çekdi. 

Soňra ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we şu ýylyň dört aýynda durmuşa geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýokary kazyýetiň başlygyna işgärleriň seçilip alynmagyna we ýerli-ýerinde goýulmagyna, kazy diýen belent derejä eýe bolan ýaş hünärmenler bilen alnyp barylýan işlere örän jogapkärli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz “Kazyýet hakyndaky” Türkmenistanyň kanunynyň 25-nji, 54-nji. 72-nji we 82-nji maddalaryna laýyklykda, “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky” Permana gol çekdi. 

Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda düzümiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň esasy bolan milli kanunçylyk binýadynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Adalat ministrliginiň öňünde hereket edýän kanunçylygy ilatynyň arasynda düşündirmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny bellemek bilen, bu ugurda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligini yzygiderli esasda guramagy tabşyrdy. 

Ýurdumyzyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Göknar-2013” ýöriteleşdirilen Meýilnamasynyň çäklerinde neşeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Neşeleriň ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň wajypdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky tagallalaryň utgaşdyrylmagy türkmen jemgyýetiniň bitewülik esaslarynyň, adamlaryň ruhy hem-de beden saglygynyň berkidilmegini şertlendirer diýip belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe alnyp barylýan işleriň netijeleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşilmelidigini, ýurdumyzyň çägine gadagan edilen harytlaryň girmeginiň öňüni almak boýunça netijeli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, beýleki döwletleriň degişli düzümleri we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlary hasaba almak boýunça gullugyň alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda zerur çäreleriň görülmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlaryny täze nusgadaky pasportlar bilen çalşylmagynyň ugurlaryny anyk kesgitlemelidigini tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow milli goşunymyzy kämilleşdirmek, ony tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, harby gullukçylaryň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin has amatly durmuş şertlerini döretmek ýaly birnäçe wezipeleri özünde jemleýän harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, umuman, kanagatlanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ähli başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bagly bolan çäreleriň netijeli çözülmegi bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekli. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylar harby ulgamyň işini yzygiderli öslürmek, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda edýän yzygiderli aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna abadançylyk, hoşniýetlilik we özygtyýarly Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goranmak kuwwatynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Kapitanlar Çempion Bolmagy Arzuw Edýärler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

syrach

Ýaryşyň Birinji Gününde On Alty Medal