29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Döwlet Muzeýiniň Guran Sergisi Guşlara Bagyşlanýar

Halkara guşlar güni – jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge, guşlaryň dürli görnüşlerini we sanyny saklap galmaga gönükdirilen baýramdyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň guşlaryna, türkmen ornitologiýasynyň taryhyna we şu gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Sergide goýlan ornitolog alymlaryň suratlary, ylmy-populýar neşirler, şeýle hem žiwopis işleri we hala çitilen guş şekilleri, gymmatbahaly metallardan düzülen kompozisiýalar, guşlaryň seýrek duşýan görnüşleriniň gäpleri guşlar barada ylmyň ösüş taryhyna ser salmaga, ömrüni guşlaryň bioköpdürliligine bagyşlan türkmen alymlarynyň kärinde gazanan üstünlikleri we ylmy barlaglary bilen tanyşmaga, guşlaryň sany we görnüşleri, olaryň häsiýetleri hem-de biosenozda eýeleýän orny barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

“Ermenistan Ýewrowideniýe 2012-den çekildi”

syrach

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Howply Önümçilik Desgalarynyň Senagat Howpsuzlygy Hakynda

Aziada-2017-niň Nyşany Balkan Welaýatynda Hasardagyna Çykarylyp Galdyryldy Wideo