20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

“Türkmenfilm” Birleşiginde Täze Filmler

Sanlyja ýylyň içinde “Türkmen tebigatynyň täsinlikleri”, “Bedew bady bilen”, “Enä tagzym”, “Sagdynlygyň belent ruhy”, “Ene toprak”, “Beýik Ýüpek ýoly”, “Nejeboglan” ýaly filmleri döreden Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty bilen baglanyşykly filmleri döredýär. Ýagny hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany”, “Parahatçylyk taglymaty” atly täze filmler surata düşürildi. Bu filmlerde Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlardan halkymyz üçin amala aşyrylýan il bähbitli işleri, parahatçylyk, agzybirlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ündeýän syýasaty, onuň wajyplygy öz beýanyny tapýar.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan Gruziýa Iberýän Nebit Önümleriniň Möçberini Artdyrýar

Önüm öndürijilere goldaw.

syrach

Dohada Ýokary Derejede Türkmen-Katar Gepleşikleri Başlandy