29.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Döwrebap Ýyladyş Toplumlarynyň Döredilmegi Daşary Ýurtlardan Getirilýän Harytlary Ýurdumyzda Öndürmek Strategiýasynyň Durmuşa Geçirilmegidir

Döwrebap Ýyladyş Toplumlarynyň Döredilmegi Daşary Ýurtlardan Getirilýän Harytlary Ýurdumyzda Öndürmek Strategiýasynyň Durmuşa Geçirilmegidir

Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmegi maksatnamasy, ilaty ter gök-miwe önümleri bilen üznüksiz üpjün etmek- ýurduň oba senagat toplumyny ösdürmegiň esasy wezipeleridir. Olary durmuşa geçirmek üçin sebitleriň ählisinde gaýtadan işleýän önümçilikler bilen birlikde şäherleriň we obalaryň ilatyny gök-miwe önümleri bilen üpjün etmäge miýetlenen dürli kuwwatlykly ýyladyşhana hojalyklarynyň gurluşygy giň möçberde alnyp barylýar. Bu işe toplumlaýyn çemeleşmek ilaty iş bilen üpjün etmäge, oba hojalyk meýdanlaryndan netijeli we rejeli peýdalanmaga hem-de şahsy telekeçiligi mundan beýlägem ösdürmäge ýardam edýär. Meselem, Daşoguz welaýatynda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet tarapyndan döredilen amatly ykdysady şertler netijesinde dürli oba hojalyk önümlerini öndürmäge we olary gaýtadan işlemäge işjeň gatnaşýarlar.

Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň Hasylçy geňeşliginiň „Döwletli“ daýhan birleşiginde döwebap iri ýyladyşhana hojalygy guruldy. Ony döwlet tarapyndan uzak möhletleýin eýeçilige berlen bäş gektar ýerde „Altyn gala gurluşyk“ hususy kärhanasy bina etdi, onuň dört gektary pomidor ekmäge bölündi. Şol ýerden ýylda 800 tonna, şol sanda çerri görnüşli pomidor hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtdan satyn alnan ýokary hasylly we kesellere durnukly pomidoryň golland görnüşiniň nahallary ekiler. Soňrasy bilen ony ýyladyşhana hojalygynyda ýörüte göz öňünde tutulan meýdanda ýetişdirmegi niýet edinýärler.

Ýyladyşhana hojalygynyň gurluşygynda we önüm ýetişdirmekde innowasion tilsimatlaryň ulanylmagy täze binanyň aýratynlygydyr. Ýerli howa şertleri göz öňünde tutulyp, gurluşyk materialy hökmünde ýokary ýylylyk saklaýjy we uzak wagtlap ulanylyş sypatlary bolan polikarbonat hem-de aýna ulanyldy. Daşarky howa gowy bolanda onuň üçegi awtomatiki usulda açylýar.

Ýyladyşhana hojalygy witaminlik önümi öndürmek üçin howa we ýagtylyk şertlerini, çyglylyk derejesini we dökün bermegi amatly şertlerde saklamaga mümkinçilik berýän Ýewropa ýurtlarynyň belli firmalarynyň ýörüteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen. Ähli tehnolgok işlere ýörüte kompýuter maksatnamasy gözegçilik edýär. Taýýar önümiň hili alyjylara iberilmezden ozal ýörüte laboratoriýada barlanylar. Ýyladyşhana hojalygy özbaşdak ýyladyş we suw bilen üpjünçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan.

Toplumyň golaýynda naharhana we ýuwunylýan ýerler, edara binasy, dökünler we gaplanylýan gaplar saklan ammar, tehniki ähmiýetli binalar bölegi we ulag duralgasy gurlan. Işgärler ýyly nahar we ýörüte egin-eşikler bilen üpjün ediler.

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

Stambul Şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” Atly Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Ahalteke Kubogy Ugrundaky Özbaşdak we Toparlaýyn Geçiriljek Ýaryş Aşgabat 2017-niň Atly Sportuna Badalga Berer