26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“EKSPO-2012”-de Türkmenistanyň milli sergisi açyldy.

Koreýa Respublikasynda geçirilýän “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň millli ekspozisiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Koreýa Respublikasynyň döwlet we hökümet düzümleriniň jogapkär adamlary, şeýle hem kabul edýän ýurduň işewür toparlary, daşary ýurtly myhmanlar we elbetde, türkmen wekiliýetiniň agzalary biziň döwletimiziň resmi wekilleri, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

“Türkmenistan” diýen ýazgyly owadan bölümiň ýanyna “EKSPO-2012” Bütndünýä sergisiniň işiniň birinji gününiň ir säherinde türkmen aýdym-sazlaryna, milli lybasdaky artistleriň çykyşlaryna, owadan lentalar we gözel halylar bilen bezelen ajaýyplyga maýyl bolan adamlaryň köp sanlysy ýygnandy. Bu ýere sergä gatnaşyjylaryň barha köp ýygnanmagy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň açyk göwünliligi biziň ýurdumyzyň myhmanlary garşylamaga ussatdygyny alamatlandyrdy.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyyjlara iberen Gutlagy diňlenildi. Milli Liderimiziň iňlis we koreý dillerinde eşitdirilen gutlagynda biziň ýurdumyzyň Bütindünýä sergä gatnaşmagy dünýäniň ähli halklary we döwletleri bilen ýola goýulýan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny we giňeldilmegini, ählumumy ösüşiň hem-de rowaçlygyň hatyrasyna alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirer diýlip bellenilýär.

Häzirki döwürde adamlaryň abadan durmuşy olaryň tebigaty batyrgaýlyk bilen boýun egdirmeklerine däl-de, eýsem, tebigata akylly-praýhasly we öňden görüjilikli pikir bilen çemeleşmeklerine bagly bolup durýar. Tebigatyň peşgeşini hem-de mümkinçiliklerini diňe bir peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem onuň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek türkmen halkynyň daşky gurşawa bolan gatnaşygynyň esasyny düzýär. Bu ýörelge häzirki döwürde Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň binýadyny emele getirýär we ýurdumyzyň ekologiýa taýdan ählumumy meseleleri çözmegiň, şol sanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň, dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamagyň we tebigaty täzeden dikeltmegiň hem-de ony goramagyň, tebigy serişdeleri rejeli dolandyrmagyň ýolunda oňyn çözgütleri tapmak ugrundaky bilelikdäki tagalla işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aňladýar.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa Býurosynyň Baş direktory jenap Li Uk Honuň serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu ýörelgesi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle hem ol Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň “EKSPO-2012” Bütndünýä sergisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna bolan saparyny şanly waka hökmünde häsiýetlendirdi, çünki, şu ýyl ýurtlaryň ikisi-de diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyny belleýär.

Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň ýokary depginine we ýurduň ykdysady ösüşine haýran galýandygyny bellemek bilen jenap Li Uk Hon Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan paýhasly we özgertmeler syýasaty netijesinde amala aşýandygyny nygtady hem-de Garaşsyz, Bitarap döwletiň halkara giňişligindäki ornuny pugtalanýandygyna, onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary işjeňleşdirýändigine ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylda Koreýa Respublikasyna bolan resmi sapary dürli pudaklardaky gatnaşyklaryň ilerlemegine kuwwatly itergi berdi, şeýlelikde, soňky dört ýylyň içinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy bütindünýä maliýe çökgünligine garamazdan, 10 esseden gowrak ýokarlandy diýip, Li Uk Hon belledi. Şeýle hem dabarada çykyş edenler “EKSPO-2012”-niň çäklerindäki türkmen sergisi koreýlere we beýleki ýurtlaryň wekillerine biziň ýurdumyz hem-de onuň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra asylly däbe görä, toý bagy kesilensoň, dabara gatnaşyjylaryň hemmesi Türkmenistanyň “Kenarýaka zolaklaryny özleşdirmek we goramak” atly sergisi bilen tanyşmaga çagyryldy. Bu sergi “Janly umman we onuň kenarýakasy: serişdeleriň köpdürlüligi hem-de durnukly ösüş” atly Bütindünýä sergisiniň umumy şygarynyň çäklerinde açyldy.

Öňdebaryjy tilsimatlara we häzirki zaman bezegine daýanýan milli serginiň esasy ugry ekologiýa abadançylygyny, suw serişdelerini, ösümlik, haýwanat we suwasty dünýäsini gorap saklamakdan ybarat boldy. Bu serginiň maksady ýurduň senagat, ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň, halkyň hem-de jemgyýetiň ruhy kämilliginiň ýörelgelerini özünde jemleýär.

Serginiň düzümi birnäçe bölümlerden ybarat. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, Tebigaty goramak ministrligi, Balyk hojalygy komiteti hem-de Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti öz sergilerini ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň ýanynda oturdylan maglumat tablolaryndaky habarlar Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we häzirki güni, tebigy baýlyklary, ýurduň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň üstünlikleri bilen baglylykda ykdysady gazananlary, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşiň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň sergisindäki milli öwüşgin onuň häsiýetli aýratynlygydyr. Owadan milli lybaslar, türkmen halylary, zergärçilik önümleri, dürli görnüşli küýzeler, şöhratly ahalteke bedewleri hakyndaky maglumatlar serginiň bezegini has-da artdyrýar. Şol maglumatlar arkaly medeniýetiň, sungatyň, däp-dessurlaryň üsti bilen ynsanyň hem-de tebigatyň arasyndaky özara baglanyşyk beýan edilýär.

Türkmenistanyň sergisiniň başlanýan ýerinde oturdylan uly göwrümli ajaýyp suratda ak mermere beslenen Aşgabadyň binagärlik keşbi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy janlandyrylypdyr.

Serginiň işiginden ätläniňden bu ýerde goýlan şekiller deňziň kenaryna düşen ýaly ýagdaýy emele getirýär. Serginiň girelgesinde balyklaryň ýüzüp ýören ajaýyp deňzi şekillendirýän görnüşi soňra Garagum sährasynyň alaňlary bilen çalyşýar, olaryň gülälek bilen örtülen giňişligi gözüňi dokundyrýar.

Serginiň merkezinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy görkezilýär. Ol ýerde Hazaryň kenarynda halkara derejesindäki şypahana zolagynyň ösüşiniň geljegi bilen tanyşdyrylýar. Sergi erkin şemala giňden ýazylan ak ýelkenleri ýatladýan yşyklandyryjylar, bezegli diwarlyklar we hereket edýän wideogörnüşler bilen bezelipdir.

Türkmenistanyň Söwda-seanagat edarasynyň sergisinde döwlet nyşanlary, ýurdumyz hakyndaky foto we wideoşekiller, şeýle hem Türkmenistanyň Şanhaýda geçirilen “EKSPO-2010” sergisine gatnaşyşy we biziň ýurdumyzda geçirilýän sergiler hakyndaky wideofilm görkezilýär. Wideoşekiller görkezilýän öýjükli monitorlar Türkmenistanyň sergi bölümleriniň hemmesinde oturdylypdyr. Olaryň üsti bilen sergä gatnaşyjy dürli görnüşli maglumatlary alyp bilýär.

Sergide türkmen telekeçileri hem öz harytlaryny görkezýärler. Haly hem-de el işiniň önümleri, gadymy senetkärçiligi dowam etdijirijileriň harytlary serginiň bezegine öwrülipdir. Ýüpek halylaryň gaýtalanmajak gözel şekillerine, nepis nagyşlaryň dokalyşyna her kim gyzyklanma bilen syn edýär. Bu ýerde görkezilýän silkme telpekleri we ak gaýma tahýalary sergä gatnaşyjylaryň her biri geýip görýär we ol lybaslarda ýadygärlik surata düşýär.

Interaktiw monitorlar bilen enjamlaşdyrylan bölümde tanyşdyrylyş çäresi geçirilýär. Bu ýerde sergä gatnaşyjylar oňaýly oturgyçlarda ykjam ýerleşip, türkmen topragynyň ajaýyp tebigatynyň gözelliklerine, häzirki zaman şäher görnüşlerine syn edip bilýärler, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli anyk maglumaty alyp bilýärler. Mundan başga-da, sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň durmuşyna degişli şanly wakalar, milli baýramçylyklar we guralýan dürli çäreler bilen tanşyp bilýärler.

Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň bölüminde Türkmenistanyň gadymy taryhy we medeni ýadygärlikleriniň şekilleri, ýurdumyzyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri we syýahatçylyk künjekleri aýdyň görkezilýär. Bu ýerde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýurtda saglyk we sport düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumatlar berilýär.

Serginiň bezeg aýratynlygynda onuň yşyklandyrylyşyna aýratyn üns berlipdir. Bölümleriň ählisi diýen ýaly açyk mawy yşyklar bilen bezelip, ol deňiz giňişligini ýadyňa salýar. Bölümlerde oturdylan monitorlarda deňiz tolkunlarynyň sesi we deňziň üstünden uçýan suw guşlarynyň owazy bölümlere özboluşly äheň berýär. Bu ýagdaýlaryň hemmesi göwnaçyklylygy we myhmansöýerligi, türkmen topragynyň sahylygynyň we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýan halkymyzyň belent ruhuny alamatlandyrýar.

Serginiň bölümlerinde we onuň daşynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary yzygiderli ýaýbaňlandyryldy. Biziň artistlerimiz milli sungatymyza bolan uly gyzyklanmalara jogap hökmünde belent heňli aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Sergä gatnaşyjylar türkmen bagşylarynyň aýdymlaryny ünsli diňlediler, folklor toparlarynyň tanslaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Haçan-da serginiň meýdançasynda türkmeniň “küşt depdi” tansynyň ýakymly owazy eşidilende, onuň tomaşaçylary has-da köp boldy. Türkmen halkynyň bu söýgüli tansy ýaşlary-da, ýaşululary-da biparh goýmady we olary bir bitewi owaza jemledi. “EKSPO-2012”-niň çäklerinde Türkmenistanyň sergisiniň açylyş dabarasy hakyky dostluk baýramçylygyna öwrüldi. Ol bu ýere gelenlere iň gowy owazlary hem-de şatlykly pursatlary peşgeş etdi.

* * *

Şu gün “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisiniň maksatnamasynyň Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň çäklerinde biziň ýurdumyzyň resmi wekiliýeti bilen Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň başlygy jenap Kang Dong Su we Koreýa Respublikasynyň hökümetiniň ýörite wekili, EKSPO-nyň halkara gatnaşyklary boýunça Komissary jenap Li Jun Hiniň duşuşygy boldy. Olar Türkmenistanyň sergi bölümleriniň milli aýratynlygyndan täsirlenendigi barada aýtdylar.

Koreýa tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň Ýosuda geçirilýän gözden geçirilişe gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli serginiň köpdürlüligini we onuň baý many-mazmuna eýedigini bellediler. Duşuşygyň barşynda 29-njy iýunda “EKSPO-2012”-de Türkmenistanyň Milli gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem sergi işi boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Hususan-da, häzirki döwürde Türkmenistan halkara çäreleriň, sergileriň we festiwallaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýär we onuň Orta Aziýada dünýäniň ýurtlarynyň arasynda işewür we gumanitar gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly giňişlige öwrülmegine hemme esaslar bar diýlip bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan sergileriň Bütindünýä býurosyna girmek barada isleg bildirmek arkaly bu ugur boýunça gatnaşyklary işjeň ösdürmäge, tejribe alyşmaga we täze sergi tehnologiýalaryny edinmäge uly gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da, beýleki geljegi uly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin Türkmenistanda bar bolan mümkinçiliklere koreýaly işewürleriň, şol sanda biziň ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Koreýa Respublikasynyň iri “Hundaý Inžiniring” kompaniýasynyň wekilleri ýokary baha berýärler. Kompaniýanyň wise-prezidenti jenap Kim Wan Su hem şu günki duşuşyga gatnaşdy.

“EKSPO-2012” Bütindünýä sergisiniň işiniň birinji gününde Türkmenistanyň sergisine Koreýanyň belli kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri geldiler we anyk ugurlar, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Bütindünýä sergisi ýene-de üç aýlap dowam eder. Munuň özi birnäçe täze teklipleriň, bilelikdäki başlangyçlaryň we mümkinçilikleriň köp boljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

referans: www.turkmenistan.gow.tm

Degişli makalalar

Türkmen Polipropileninden Gaplar we Gap-Çanaklar Öndürilýär

turkmenhabargullugy

Älem Aýlanýan Ak Guş

turkmenhabargullugy

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach