22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda “EKSPO-2012” atly bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2012-nji ýylyň 10-14-nji maýy aralygynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy P.Taganow bolsa 5-14-nji maýy aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

* * *

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky bilen gatnaşyklary berkitmek, dünýädäki ykdysady-hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak hem-de dünýäde Türkmenistanyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi we Türkmenistanyň Merkezi banky Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky bilen bilelikde 2012-nji ýylyň 29-30-njy maýynda Aşgabat şäherinde “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly halkara maslahatyny ýokary derejede guramaga we geçirmäge borçly edildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 4947-nji Permanyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan “Gyzylgaýa—Bereket—Etrek” demir ýoluny halkara ölçeglerine laýyk getirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 12001-nji karary esasynda berlen maliýe serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine “Gyzylgaýa—Bereket—Etrek” demir ýolunyň Bereket—Serhetýaka böleginde 16 sany iki gatly demir ýol stansiýalarynyň binasyny we her stansiýada 8 sany bir gatly ýaşaýyş jaýyny hem-de Tüwer stansiýasynda teplowozlara we wagonlara tehniki hyzmat etmek üçin niýetlenen aýlawly deponyň taslamasyny düzmek we gurmak barada “Soýkaýa Inşaat Mekanik Tesisat Imalat Taahhüt ve Ticaret Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnamany gurluşyga 2012-nji ýylyň maý aýynda başlap, binalary we desgalary 2013-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulaglar pudagyny ösdürmek, “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny hem-de Türkmen Deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyny” ýerine ýetirmek hem-de Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna 320 orunlyk ýolagçy gatnadýan ýokary tizlikli gämini Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde gurnadyp, satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň “Dearsan Gemi Inşaat San.A.Ş.Gülhan Den. Tic.Ltd.Şti.” bilelikdäki kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulaglar pudagyny ösdürmek, “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny hem-de Türkmen Deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyny” ýerine ýetirmek hem-de deňiz ulaglarynyň enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna gämi abatlaýyş we gurluşyk zawodynyň gurluşygy boýunça tehniki maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Inros Lackner AG” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda döwlet maliýe serişdeleriniň has netijeli ulanylmagyny gazanmak, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki döwlet edaralarynyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda maliýe howpsuzlygyny üpjün etmek, daşary ykdysady şertnamalaryň netijelliligini we ýerine ýetirilmeginde jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ministrlikler, pudak edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we beýleki döwlet edaralary daşary ykdysady şertnamalary baglaşmak we ýerine ýetirmek boýunça özleriniň hem-de garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň gatnaşmagynda paýdarlar jemgyýetlerini ýa-da Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň şahsy we edara görnüşli taraplary bilen esaslyk maýasynyň azyndan 51 göterimi döwlet eýeçiligine degişli bolan bilelikdäki kärhanalary döretmek işlerini bir aý möhletde geçirmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlayna pudaklaýyn ýöriteleşmesi boýunça daşary ykdysady şertnamalary baglaşmagyň we ýerine ýetirmegiň tertibini kesgitlemek hem-de olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara kadalaryna laýyk görnüşlerini işläp düzmek üçin, utgaşdyryjy iş toparyny on gün möhletde döretmek we olaryň düzümini tassyklamak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Adalat ministrligine daşary ýurtlaryň we halkara arbitražlarynyň önümçiliginde bolan, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki döwlet edaralarynyň, şeýle hem kararda görkezilen edara görnüşli taraplaryň gatnaşmagyndaky arbitraž işleri we çykarylan çözgütler boýunça bitewi maglumatlar binýadyny döretmek tabşyryldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Prezidentimiz Ýadygärlikler Toplumyna Gül Goýdy we Haj Zyýaratynyň Sadakasyny Berdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynyň Netijesi Belli Boldy

turkmenhabargullugy

Naýbaşy Ligasynda Bäşinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi