27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
TEHNOLOGİÝA

Elekt­rik ener­gi­ýa­sy de­ňiz­den ge­ler

Se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Ger­ma­ni­ýa­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­leg has hem art­ýar.

Soň­ky wagt­lar­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ba­ha­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň göz­le­nip ta­pyl­ma­gy­na, ola­ry yk­dy­sa­dy taý­dan peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len yl­my bar­lag iş­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da al­ter­na­tiw ener­gi­ýa­nyň esa­sy çeş­me­si Gün şöh­le­si we ýe­liň  güý­ji bo­lup dur­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da tä­ze ener­gi­ýa çeş­me­le­ri göz­le­n­ýär. De­mir­ga­zyk deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Ger­ma­ni­ýa açyk de­ňiz­dä­ki elekt­rik tri­bu­na­la­ryn­dan al­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu tri­bu­na­lar­dan alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny 2020-nji ýy­la çen­li on müň me­ga­wa­ta çy­kar­mak­lyk göz öňün­de tu­tul­ýär.    

Ýel açyk de­ňiz­ler­de has güýç­li we yzy­gi­der­li öwüs­ýär. Bu pur­sat­dan ýer­lik­li peý­da­lan­mak is­le­ýän Ger­ma­ni­ýa Bal­ti­ka deň­zin­de hem ýel tru­bi­na­la­ry­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­ni alyp bar­ýar. “Bal­tic One” tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­ýan elekt­rik tru­bi­na­sy üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň ahy­ry­nda ta­mam­la­nar. De­ňiz ke­na­ryn­dan 16 ki­lo­metr içe­ri­de ýer­leş­ýän “ýel ener­gi­ýa meý­dan­ça­sy­nyň” ulu­ly­gy ýe­di ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar. 48 mil­li­on ki­lo­wat/sa­gat­lyk kuw­wa­ty bo­lan bu tru­bi­na­lar daş­ky gur­şa­wa hiç hi­li zy­ýan ýe­tir­me­ýär, te­bi­ga­ta zy­ýan­ly gaz­la­ry goý­ber­me­ýär. Tru­bi­na­lar­dan alyn­jak elekt­rik ener­gi­ýa­sy 50 müň ho­ja­ly­gyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan mä­täç­li­gi­ni kanagatlandyryp bi­ler. Bu ýer­dä­ki ýel tru­bi­na­la­ry­nyň su­wuň de­re­je­sin­den be­ýik­li­gi 125 met­re ýet­ýär. Tru­bi­na­la­ryň 40 metr­lik po­lat “aýak­la­ry­nyň” ýa­ry­sy de­ň­ziň düý­bü­ne ka­ky­lyp­dyr. Bu ýer­de ön­dü­ri­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy deň­ziň aşa­gy­na dü­şe­len ýo­gun ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly ke­na­ra ta­rap uzap gid­ýär.

“EnBW” şe­re­ke­ti ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bu tas­la­ma­nyň gymmaty 150 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de. Şe­re­ke­tiň bö­lüm mü­di­ri Wer­ner Götz tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin tö­wek­gel­çi­lik­li iş­le­re baş goşmaly bolýandygyny bel­läp, bu ýer­de her­si 2,3 me­ga­wat kuw­wa­ty bo­lan je­mi 21 sa­ny “ýel de­gir­me­ni­niň” bar­dy­gy­ny aýd­ýar. Bu tru­bi­na­la­ryň ön­dür­ýän ener­gi­ýa­la­ry ýyg­na­nyp, tok ge­çi­ri­ji ar­ka­ly trans­for­ma­to­ra ge­çi­ril­ýär we 61 ki­lo­metr­lik ka­bel ar­ka­ly Ros­tok por­tu­nyň go­la­ýyn­dan şä­he­riň elekt­rik ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­ýär.

Ýurt­da “ýa­şyl teh­nol­gi­ýa” esa­syn­da ön­dü­ri­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy üçin ma­ýa­da­ra her ki­lo­wat/sa­ga­dy üçin 15 sent tö­len­ýär. Bu ka­nun taý­dan ber­ki­di­lip­dir. Ýurt­da ýel­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry­ny 2020-nji ýyla çen­li on müň me­ga­wa­ta çy­ka­rmak üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu muk­dar ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li on iki sa­ny elekt­rik be­ke­di­niň ön­dür­ýän to­guna ba­ra­bar­dyr. Ýur­duň öň­de­ba­ry­jy 4 sa­ny ener­gi­ýa şe­re­ke­ti açyk de­ňiz­ler­de “ýel de­gir­men­le­ri­ni” gur­mak üçin mil­liard­lar­ça ýew­ro­lyk ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.

“Bal­tic One” tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýe­ne iki sa­ny tri­bu­na­lar top­lu­my gurlar. Je­mi 288 me­ga­wat kuw­wa­ty bo­lan, 80 sa­ny “ýel de­gir­me­ni­ni” özün­de jem­le­ýän bu tas­la­ma hä­zir­ki­den has ýo­ka­ry bo­lar.

Ýel ener­gi­ýa­sy ser­gi­si-2010

Dün­ýä­niň esa­sy ener­gi­ýa ser­gi­le­riniň bi­ri bo­lan “Ýel ener­gi­ýa­sy ser­gi­si-2010” Ger­ma­ni­ýa­nyň Şles­wig Golş­teýn we­la­ýa­tyn­da­ky Hu­zum şä­he­rin­de geçi­ril­ýär.

Ser­gä 30 ýurt­dan 950 şe­re­ket gat­naş­dy. Ýel ener­gi­ýa­sy soň­ky wagt­lar­da äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­ga gar­şy gö­reş me­ýil­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de we yk­dy­sa­dy taý­dan gir­de­ji­li pu­dak­la­ryň bi­ri hök­mün­de äh­mi­ýe­ti has hem art­dy. 43 müň ine­dör­dül meý­dan­ça­da gur­na­lan ser­gi­niň açy­ly­şyn­da söz söz­län we­la­ýa­tyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Ýost de Ýa­ger elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň önüm­çi­li­gin­de ýel­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak  üçin ta­gal­la et­jek­dik­le­ri­ni aý­dyp, “2009-njy ýy­lyň de­kabr aýyn­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2 müň 600 sa­ny elekt­rik tru­bi­na­sy he­re­ket ed­ýär. Bu tru­bi­na­lar se­bit­de sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 40 gö­te­ri­mi­ni üp­jin ed­ýär. Bu pu­da­ga de­giş­li kär­ha­na­lar­da 7 müň iş­gär zäh­met çek­ýär” di­ýip bel­le­ýär. 

22 müň ilat­ly Hu­zum şä­he­rin­dä­ki ser­gä gat­naş­mak üçin dün­ýä­niň äh­li ýer­le­rin­den myh­man­la­ryň en­çe­me­si gel­di. Ser­gä 30 müňe golaý  myh­ma­n tomaşa etdi.

referans: www.zamantm.com

Degişli makalalar

(TENDER) Türkmennebit Demirgazyk Goturdepe Ýatagynda Guýulary Gurmak Boýunça Halkara Bäsleşigini Yglan Etdi

Ekran Bilen Bezelen Awtoulag

turkmenhabargullugy

Uzynada Meýdançasyndaky Barlag Guýusynda 6400 Metr Çuňluga Ýetildi