18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Ýer ýüzüniň janly tebigat dünýäsi—Köpetdagyň eteginde

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 19 ýyllygyna bagyşlanyp, binalary ulanmaga bermegiň dabaralarynyň hatarynda Watanymyzyň şöhratly taryhynda şu günki gün ýatdan çykmajak waka beslendi. Bu ýerde, dag eteginiň gözel künjegi bolan Gökderede ýurdumyzda ilkinji zoologiýa toplumynyň — Janly tebigatyň milli muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guruldy. Aşgabadyň günorta-günbatar tarapynda Köpetdagyň eteginde ählihalk baýramçylyk dabaralarynyň öň ýanynda türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat bolan haýwanlaryň täsin mekanyny döretmek pikiri hut döwlet Baştutanynyň özüne degişlidir.

Her kimiň çagalykdan gözelligini görmegi we syrlaryny açmagy arzuw edýän Ýer ýüzüniň janly tebigat dünýäsini ähli ajaýyplylygynda hem-de köp görnüşliliginde görkezýän Açyk asmanyň astyndaky täsin muzeý beýik özgertmeler we täze Galkynyş eýýamynyň ýene-de bir aýdyň nyşanlarynyň biridir.

Tebigatymyzy ilkibaşdaky gözelliginde saklamak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna degişli wezipelerdir. Tebigaty gorap saklamak, onuň täsin biologiki köpgörnüşliligini saklap galmak we köpeltmek onuň möhüm ugurlarynyň biridir. 2010-njy ýylyň bütin dünýäde Bioköpgörnüşliligiň halkara ýyly hökmünde bellenilmegi bu wezipeleriň çözülmeginiň aýratyn wajyplygyny görkezýär.

1996-njy ýylda planetanyň ähli biologik görnüşlerini goramaga we saklap galmaga gönükdirilen bioköpgörnüşlilik hakyndaky Konwensiýany, halkara ähmiýetli suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyny we beýleki köptaraplaýyn ekologiýa ylalaşyklaryny tassyklap, Türkmenistan ýurdumyzyň täsin goraghana zolaklaryny, dünýäniň bahasyna ýetip bolmajak haýwanat we ösümlik genofondyny düzýän haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ähli görnüş köpdürlüligini dikeltmek boýunça maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Gökderede ýurdumyzda iri ylmy, tebigaty goraýyş we medeni-aň-bilim merkezi bolmaga gönükdirilen Janly tebigatyň milli muzeýiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Ýer ýüzüniň janly tebigatynyň ajaýyp we syrly dünýäsini giňden wagyz etmek işinde ýene-de bir möhüm ädim bolman, eýsem türkmen ekologlarynyň ýerli faunanyň täsin görnüşlerini saklamak we köpeltmek, olary ýabany tebigata gaýtaryp getirmek boýunça ägirt uly işleriniň ähmiýetli bölegidir.

Günorta halkalaýyn ýoluň ugrunda jülge bagy-bossanlyga bürenip otyr. Bu ýerde özüniň ýerine ýetirilişi boýunça haýran galdyryjy, bu ugurda dünýäde toplanan iň gowy tejribeleri göz öňünde tutmak bilen gurlan, dünýäde şuňa meňzeş desgalaryň biri bolan Janly tebigatyň milli muzeýi ýerleşýär. 40 gektar meýdany eýeleýän muzeý süýdemdirijileriň, guşlaryň, süýrenijileriň, balyklaryň we deňiz çuňluklarynyň beýleki jandarlarynyň üç müňüsini özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda haýwanlary saklamagyň tebigatdaky ýagdaýyna ýakynlaşdyrylan şertleri bolan zootoplumyň taslamasyny paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmasy boýunça daşary ýurt kompaniýasy amala aşyrdy.

Ajaýyp dag howasy we gaýtalanmajak tebigy landşaft açyk asmanyň astyndaky «janly» muzeý üçin iň gowy şertlerdir. Onuň uly bölegini häzirki zaman halkara standartlaryna we haýwanlary goramak boýunça guramanyň talaplaryna laýyklykda döredilen zoologiýa seýilgähi eýeleýär.

Onuň adaty şäher görnüşindäki haýwanat baglaryndan tapawutly aýratynlygy dünýäniň dürli künjeklerinden bolan haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň köp sanlysyny saklamagyň we giňden görkezmegiň mümkinçiliginiň, şeýle hem janly tebigatyň täsin dünýäsi, onuň taryhy we ösüşi bilen ýakyndan gyzyklanmak isleýänler üçin maglumatlar hyzmatyny bermegiň uly şertleriniň döredilmeginden ybaratdyr. Alymlaryň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda haýwanlaryň 12600-den gowrak görnüşi bardyr, diňe Garagum çölüniň faunasynda bolsa oňurgalylaryň 200 görnüşi we oňurgasyz jandarlaryň 5 müňe golaýy ýaşaýar.

Şu gün irden bu ýerde esasy girelgäniň öňündäki meýdançada ähli zat toý bezegine beslenipdir, ruhubelent baýramçylyk duýgusy höküm sürýär. Girelgäniň derwezesini bezeýän haýwanlaryň heýkeltaraşçylyk kompozisiýalary janly tebigatyň jadyly dünýäsini şöhlelendirip, gün şöhlesine öwşün atýar. Esplanadanyň baş binagärçilik bölegi bolan sekizburçly ýyldyz görnüşindäki çüwdürimiň kümüş suwy töwerege salkynlyk berýär.

Mekdep okuwçylary dürli görnüşli baýdajyklar we howa şarlary bilen köp sanly dabara gatnaşyjylary we myhmanlary kabul edýärler. Dabaraly açylyş çäresine Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, tebigaty goraýyş düzümleriniň, häkimlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri we paýtagtymyzyň okuwçy ýaşlary gatnaşdylar.

Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň çagalar tans-saz toparlarynyň çykyşlary çärä baýramçylyk dabarasyny çaýdy. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň haýwanlar hakyndaky ertekilerden ýerine ýetiren miniatýuralary dabara özboluşly bezeg berdi.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaşyl lenta kesilýär. Täsin ýurda girelge açylýar.

Janly tebigatyň milli muzeýi dört zolaga: Afrika sawannasy we ýyrtyjy haýwanlaryň mekany onuň gündogar böleginde, toýnakly haýwanlaryň ýaşaýan ýeri we guş bazary günbatar bölekde ýerleşýär. Haýwanlaryň her bir görnüşi üçin açyk asmanyň astynda ýerleşen daşy aýlawly uly meýdançalara çykalgasy bolan gyşky jaýlar abadanlaşdyrylypdyr. Ol ýerde giň wolýerler, belentde ýerleşen guş höwürtgeleri, emeli suw howdanlary, akwariumlar, maýmynlaryň saklanylýan ýeri we terrarium, aýlawlary bolan at ýataklary, hatda ýaşajyk haýwanlar üçin niýetlenen meýdança ýerleşýär.

Muzeýde Günorta Afrikanyň haýwanat dünýäsiniň wekilleri, şeýle hem elbetde Türkmenistanyň daglarynda, çölünde, suwlarynda we tokaýlarynda ýaşaýan hem-de milli goraghanalaryň gymmatly genofondyny düzýän, şeýle hem Aşgabadyň haýwanat bagynda saklanan haýwanlar we guşlar bar. Bu ýerde şeýle hem dünýäniň dürli tebigy künjeklerinden bolan haýwanat dünýäsiniň wekilleri bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň pitomniginden bolan, Döwlet Baştutany tarapyndan janly tebigatyň milli muzeýine sowgat berlen jandarlar bu ajaýyp haýwanat patyşalygynyň doly hukukly ýaşaýjylary boldular.

Janly tebigatyň hakyky muşdaklary bu ýerde ýabany ýyrtyjylaryň we öý haýwanlarynyň, guşlaryň we süýrenijileriň, suwasty dünýäniň wekilleriniň 250-den gowrak görnüşini synlap bilerler, olaryň köpüsi Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizildi. «Afrikan sawannasynda» peýwagtyna gezip ýören Afrikanyň yssy çölleriniň we düzlükleriniň ýaşaýjylary mesgen tutdular. Olaryň arasynda dünýäde iň uly guşlar—düeguşlar we ot iýýän haýwanlar—gäwmişler, ak kerkler, zebralar, şa żiraflar we iki örküçli düeler bar. Ýyrtyjylaryň mesgeni nil krokodiliniň akwatoriýasyndan başlanýar. Onuň bilen goňşuçylykda terrarium ýerleşýär, onda ýylanlaryň dürli görnüşleri, şol sanda dünýäde iň uzyn ýylan bolan piton saklanýar. Muzeýe gelýänler şeýle hem ýolbarslary, alaja barslary, gaplaňlary we pişikler maşgalasynyň beýleki wekillerini synlap bilerler.

Muzeýiň günorta-günbatar bölegi ýyrtyjy guşlara, tropiki tokaýlaryň täsin wekillerine, köp sanly suwda ýüzýän we öý guşlaryna bölünip berlipdir. Tor bilen örtülen beýik çadyrlaryň aňyrsynda we emeli köllerde durnalaryň we ördekleriň, ajaýyp guwlaryň, çal toty guşlaryň we ak kakadularyň, tekepbir tawuslaryň we sülgünleriň sesleri ýaň berýär. Bu zolaga biziň ajaýyp ahalteke bedewlerimiz hem-de dünýäde iň kiçi atlar bolan poniler üçin niýetlenen athana we kiçi aýlaw galtaşýar.

Zolagyň giň meýdançasynda afrikan antilopalary, lamalary we ýerli haýwanat dünýäsiniň wekillerini—buýra şahly geçini, dag goçlaryny hem-de asylly suguny, şeýle hem saryja goýunlary görmek bolýar. Bu ýerde kenguru hem ýaşaýar. Ýöne köpler üçin ýene-de biziň jerenlerimiz özüne çekiji bolup durýarlar. Bu gözelligi tebigy şertlerde görmek her kime nesip etmez, bu ýerde bolsa ajaýyp haýwanlary bary-ýogy birnäçe metr aralykdan synlap durmaly.

Janly tebigatyň milli muzeýiniň 4 gatly mermere beslenen binasy zoologiýa toplumynyň baş binagärlik desgasy bolup durýar. Ol ähli taraplardan açylan terrasanyň üstünde ajaýyp enjamlaşdyrylan synlaýyş meýdançasy bilen üpjün edilip, ol ýerde Köpetdagyň ajaýyp görnüşi, gök meýdanlaryň we tokaý agaçlarynyň çägine çenli uzalyp gidýän giň panorama açylýar. Elbetde janly tebigatyň milli muzeýi özüniň gözelligi bilen eliň aýasynda ýaly bolup görünýär. Uly bolmadyk aýlagy emele getirýän şarlawuk onuň ajaýyp künjekleriniň biri bolup durýar, bu ýerde şeýle hem üç sany emeli köl ýerleşip, olar delfiniň, düýäniň we sugunyň kellesi görnüşinde gurlupdyr. Olar çagalar we ulular üçin höwes bilen dynç alynýan ýere öwrüler.

Beýikligi 30 metr bolan sergi zaly muzeýiň binasynyň içerki giňişligini emele getirip, onuň ýokary gatlarynda gapdal galereýalary ýerleşýär. Dinozawryň 6 metrlik heýkeli onuň esasy eksponady bolup, ony muzeýiň ýokarky gatlaryndan hem synlap bolýar. Galereýalaryň sergi zallary täsin türkmen tebigatynyň—gum alaňlarynyň we petde tokaýlyklaryň, dag landştaftlarynyň, derýalaryň we kölleriň, gaýalardaky şarlawuklaryň we Hazar deňziniň şekillerini beýan edýär. Ýurdumyzyň suratkeş-animalistleri tarapyndan ýerine ýetirilen türkmen haýwanat dünýäsiniň jandarlarynyň şekilleri beýan edilen suratlar 150 müň ýyl mundan öň biziň ýurdumyzda ýaşap geçen haýwanlaryň emeli skeletleriniň eksponatlarynyň üstüni ýetirýär.

Muzeýiň çep tarapynda ýerleşýän suwasty patyşalygynyň binasy bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çeker. Geň täsin jandarlaryň—deňiz ýyldyzlarynyň we liliýalarynyň, aktiniýalaryň, gubkalaryň, deňiz kirpileriniň we leňňeçleriniň, tropiki balyklaryň kaleýdoskopy Hazar deňziniň we dünýä ummanynyň ýaşaýjylarynyň mesgen tutan uly akwariumlarynyň aňyrsyndaky bu aýdyň öwüşginli dünýäni gören islendik adamy haýran galdyrar.

Janly tebigatyň milli muzeýiniň çäklerinden daşarda we içerde sosna, tuýa, arça, serwi, derek, zirk we beýleki gyrymsy agaçlaryň nahallary we güller uzalyp gidýär. Ýakyn geljekde olar ajaýyp kölegeli jeňňelliklere öwrülip, wolýerleriň ýaşaýjylary hem-de olary görmäge geljekler üçin aýratyn amatly howany döreder.

Açyk asmanyň astyndaky muzeýiň gündogar tarapynda bu ýere gelýän köp sanly adamlar üçin girelge oňaýly meýdançalar we awtoduralga bilen üpjün edilipdir. Onuň derwezesi türkmen haýwanat dünýäsiniň dagda ýaşaýan wekilleriniň bürünç şekilleri bilen bezelipdir.

Janly tebigatyň milli muzeýi golaýynda gurulýan täze atçylyk-sport toplumy bilen bilelikde eýýäm ýakyn geljekde medeniýetiň we dynç almagyň, haýwanlary söýýän körpeler üçin wagtyny täsirli geçirmegiň, şeýle hem ajaýyp ahalteke bedewleriniň hakyky muşdaklarynyň täsin şäherjigini emele getirer.

Gökderäniň gözelligine sazlaşykly goşulmak bilen, Janly tebigatyň milli muzeýi diňe bir türkmenistanlylaryň medeniýetli dynç alýan ýerine däl-de, eýsem biziň ýurdumyzyň täze syýahatçylyk dür dänesine öwrüler.

Dabaraly wakanyň şanyna, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Haly – Taryhy Resminama

syrach