21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Elektron Kitaplaryň Taryhy

Kitaplaryň sanly, hemmä elýeterli bolan elektron görnüşi adamzat aňynyň ösen häzirki günlerinde giň meşhurlyga eýe bolýar. Elektron kitaby döretmek baradaky ilkinji pikir Bob Braun diýen şahsyýete degişlidir. Ol bir gezek sesli filme tomaşa edýär hem-de bu tejribäni kitapda ulanmak pikirini öňe sürýär. 1930-njy ýylda öz oýlap tapyşy barada kitap hem ýazýar. Onuň pikiriçe, kagyza ýazylan teksti belli bir tizlikde öňe hem yza geçirmek göz öňünde tutulýar. Kagyz zolaklar şol döwürlerde telegramma ibermekde hem giňden peýdalanylypdyr. Bu başlangyç ilkibada ugrukmasa-da, elektron kitabyň ilkinji nusgasy hökmünde taryha girýär. Birnäçeleriň şowsuz synanyşyklaryna garamazdan, Maýkl Harta elektron kitabyň döredijisi hökmünde taryhda yz galdyrmak başardýar. Ol 1971-nji ýylda Illinoýs ştatyndaky uniwersitetde zähmet çekýän döwründe maşyndan peýdalanmaga berlen goşmaça wagtyny peýdaly zada sarp etmegi başarýar. Maýkl ilkinji elektron kitaby ― ABŞ-nyň garaşsyzlygy baradaky Deklarasiýany taýýarlaýar hem-de onuň tekstini kompýuterde ýazýar.

Ilkinji köpçülikleýin elektron kitaplar 1998-nji ýylda «NuvoMedia» hem-de «Softbook Press» kompaniýalary tarapyndan şol bir wagtda satuwa goýberilýär. Olar ilkinji çykan görnüşinden az-kem kämilleşdirilip, okyjylar üçin giň hyzmatlar bilen üpjün edilipdir. 2006-njy ýyla çenli bu kompaniýalaryň harytlary üstünlikli çykarylsa-da, kitaplaryň ulanylyşynyň gaty bir örüsi giňäbermändir. Elektron kitap bazary elektron kagyz tehnologiýaly ekranlaryň ýüze çykmagy bilen 2007-nji ýylda uly galkynyşa eýe bolýar.

Elektron kitaplar götermäge amatlylygy hem-de ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Bir gurluşda ýüz müňlerçe kitaby saklamak mümkinçiligi bolup, onuň göwrümi kiçi, adaty kitaplardan bolsa has ýeňildir.

Ulanyjynyň islegi boýunça ýazylan tekstiň görnüşini, reňkini, ekranyň formatyny üýtgetmek mümkinçiligi bar. Bu bolsa ownuk ýazylan hatlary birnäçe esse ulaldyp okamaga şert döredýär.

Mundan başga-da, kitapda bellik edilen sözlemleri, salgylanmalary, sözlükleri aňsatlyk bilen tapyp bolýar.

Ogulkeýik Saparmyradowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Kümüş Baýragynyň Eýeleri

“Altyn Asyr” “Ahaly” Ýeňlişe Sezewar Etdi

Türkmengaz TAPI Tanyşdyryş Wideo