21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Ussat Yzçy

Gün günorta bolupdy. Iş otagymda radiomy açypdym. Gürrüň berýäniň kimdigini bilmesem-de, «Miras» radio ýaýlymyndan ökde awçy Baba yzçy barada gidip duran gepleşik ünsümi çekdi. Dogry bilýän, gürrüň berýän adam alypbaryjy-ha däldi. Soňa-baka ýatlama kölüni gulaçlaýan gürrüňçiniň berýän gürrüňlerinden onuň Baba yzçyny gören adamdygyny bilip galdym. Şundan soň Baba yzçy hakynda ýazmagy makul bildim. Sebäbi onuň yz çalyjylyk ukyby serhetçileriň gullugy bilen aýrylmaz baglanyşyklydy. Onsoň tanyş žurnalistlerimiň ýardamy bilen Baba yzçynyň ýakyn garyndaşlaryny tapyp, olar bilen aragatnaşyk üsti bilen habarlaşmaga mümkinçilik aldym. Berlen salga görä Gökdepe etrabyna, Baba aganyň dogduk mekanyna bardym. Meni Baba yzçynyň agasy Orazmämmet aganyň agtyklary Akmyrat aga bilen Muhammetdurdy aga dagylar garşy aldylar. Päk zähmetde bekän bu ýaşulularyň ýüz-gözlerinde begenç alamatlary püre-pürdi. Içindäki joşgunyny saklap bilmedik Akmyrat aga: «Baba agamyzy ýatlap, örän sogap iş edýärsiňiz, inim!» diýdi. «Begenjimiziň çägi ýok, ömrüňiz uzak bolsun, komandir!» diýip, Muhammetdurdy aga onuň yzyny alyp göterdi. Biraz daşarda, howluda duranymyzdan soňra, biz tirkeşip öýe girdik. Olar Baba yzçy barada bilýänlerinden gürrüň berdiler, ondan galan arhiw maglumatlary görkezdiler.

* * *

Durmuşda şeýle zehinli adam bolýar. Oňa il arasynda: «Bu zehin oňa Hakdan berlendir» diýilýär. Durmuşda şeýle adam bolýar. Oňa halk arasynda: «Öz işiniň ussady» diýilýär. Durmuşda ýene şeýle häsiýetli adamlar bolýar welin, oňa: «Ýurt bähbidini araýan, işjanly ynsan» diýýärler. Şu diýilýänleriň ählisi bolsa Baba yzçyda jemlenipdir.

* * *

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň meşhur «Yzçy» romanyny bilmeýänimiz ýok bolsak gerek. Romanyň gahrymany bolan Baba Myratgeldiýew 1918-nji ýylda doglupdyr. Ol sekiz ýaşynda goýun bakmaga başlapdyr. Goýun sürüleri bilen öri meýdanlarynda geçiren ýyllarynyň içinde Baba daglyk ýerdäki ähli ýodajyklary, oýlary, jülgeleri bäş barmagy ýaly öwrenipdir. Ol biri-biri bilen garyşyp ýatan goýun yzlarynyň arasyndan özüniň agtarýan yzyny aňsatlyk bilen tapmagy başarypdyr. Şeýdip, ol ökde awçy hemde oňat yzçy bolup ýetişipdir. Bu barada «Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1958-nji ýylyň 28-nji maýyndaky sanynda Baba yzça bagyşlanyp çap edilen «Ökde yzçy» atly makalada-da ýazylýar.

Ýaş şahyr Garahanjar Baýhanowda şeýle setirler bar:

Şeýle adamlar bar ýeriň ýüzünde,

Watan üçin hyzmat kylar, jan berer.

Göterer il ýükün iner egninde,

Örňäp barýan ulusyna şan berer.

«Tebigy berlen» ukybyň eýesi bolan Babanyň ýüregi Watan diýip urupdyr. Ol dag, düz ýerlerde goýnuň yzynda gezse-de, Watanyň asudalygy, halkyň erkana durmuşy barada alada edipdir. Şonuň üçin-de ol maşgala, hojalyk, iş aladalaryndan öňürti ýurduň, halkyň bähbidi üçin daglary, düzleri söküp, araçägiň goragçylaryna ýakyndan hemaýat beripdir. Şol döwürlerde häzirki ýaly kämil tehnikalar bolmansoň, araçägiň goragynda yzlary çalmakda onuň kömeginden kän gezek peýdalanylypdyr. Baba yzçynyň öz ýazyp giden terjimehalyndan mälim bolşy ýaly, ol 1941-nji ýyldan 1947-nji ýyl aralygynda serhetçileriň meýletin kömekçisi bolup işläpdir. Ol kolhozda dowarçylyk fermasyna başlyklyk edende-de, 14 ýyllap kolhoz başlygy bolanda-da serhetçiler bilen ýakyndan aragatnaşyk saklapdyr. Şeýlelikde, Baba yzçynyň ykbaly serhetçiler bilen badaşypdyr.

Ýokarda ady agzalan gazetdäki «Ökde yzçy» atly makalanyň içinde getirilen, geçen asyryň ortalarynda bolan waka baradaşu aşakdaky ýazgylarda Baba yzçynyň ussatlyk, gaýduwsyzlyk bilen görkezen işi munuň hakykatdygyny subut edýär.

«…Araçäkçiler bilen bilelikde Baba hem has hilegär awuň yzyna düşüp başlady.

Bu gezek Baba duş gelen betniýetli çak edilişinden juda hilegär bolup çykdy. Onuň ara çäkden geçen ýeri, gaýa şeýle bir beýikdi, hatda oňa seredeniňde boýnuň gaňrylaýyn diýýärdi. Emma bu işiň başlangyjydy. Araçäkden geçen betpäl daşlyk ýer bilen ýöräp, yzyny bildirmejek bolupdyr. Ýöne Babany aldawa salaýmak aňsat däldi, ol yzy her bir ýerde hem saýgaryp bilýärdi, ýerde ýatan daşjagazlaryň haýsy tarapa gozgananyny görse, Baba onuň nirä gidenine göz ýetirýärdi. Yzarlap baryşlaryna Baba dagynyň öňünden akar suw çykdy. Suwdan ýöremek bilen, betpäl yzyny ýitirmek isläpdir. Emma ýaş çopan onuň hilegärliginiň üstüni açdy…»

«Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1983-nji ýylyň 18-nji martyndaky sanynda çap edilen «Baba yzçy» atly makalada bolsa şeýle setirler bar: «Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen, Baba hem söweşe meýletin arza berýär. Onuň arzasy kanagatlandyrylmaýar. Sebäbi Baba tylda hem söweşdäki ýaly gerekdi».

Şol makaladaky Baba awçynyň: «Men Watan esgeri. Ony hemişe goramaga taýýar» diýen sözleri, ussadyň şu topragyň hakyky ogly bolup ýaşandygyny köňüllere guýýar, onuň yzçylyk hakynda: «Yzçylygyň aýratyn syry ýok. Diňe inçeden, ünsli, öň duran zat bilen keseden gelen zady synlap oňarsa, onda her bir adam yzy yzarlap biler» diýen sözleri, örän synçy adam bolandygyndan habar berýär.

Watanyň wepaly ogly hakynda näçe ýazsaňda bärden gaýdýar. Ol halky, ýurdy, serhet asudalygy üçin kän işleri bitiripdir. Baba yzçynyň 1938-nji ýylda «Söweşjeň hyzmatlary üçin» medaly, 1950-nji ýylda «SSSR-iň döwlet araçäklerini goramakda tapawutlanandygy üçin» medaly, ýene-de şol ýylda «Hormat nyşany» ordeni, 1951-nji ýylda «Gyzyl Ýyldyz» ordeni, 1968-nji ýylda «SSSR-iň Serhet goşunlarynyň 50 ýyllygyna» döşe dakylýan ýubileý nyşany, 1985-nji ýylda «1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk ur-şunda gazanylan Ýeňşiň 40 ýyllygyna» ýubileý medaly, şeýle-de Watan araçäklerini goramakda goşan mynasyp goşantlary üçin Hormat hatlary bilen sylaglanmagy, onuň Watanyň asudalygy üçin bitiren beýik işlerinden habar berýär.

Şu ýerde bir zady nygtasym gelýär. Aslyýetinde-de yzçalyjylyk türkmen halkynyň ata-baba aňyrsyndan gaýdýar. Muny Baba yzçynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki tehnologiýanyň ösýän döwründe hem serhet goragyny amala aşyrmakda serhetçilerde esasy kemala getirilmeli başarnyklaryň biri, olaryň yzçalyjylyk ukybyny ösdürmek bolansoň, pederlerimiziň bu ýörelgeleri, harby däp-dessurlary dowam etdirilýär, harby bölümlerimizde yzçalyjylyk ugrundan ýörite okuw sapaklary, türgenleşikler geçirilýär. Bu bolsa öz gezeginde oňyn netijesini-de berýär.

Taryh hiç zady unutmaýar. Merdana halkymyzyň geçmişinde bolup geçen tanymal şahsyýetleriň nusgalyk ýollary ösüp gelýän ýaşlar üçin ýörelge bolup durýar. Şol şahsyýetleriň nusgalyk ömrüni, Watanyň öňünde bitiren işlerini wagyz edip, ýaş nesillerde şu topraga bolan synmaz söýgüni kemala getirmek biziň her birimiziň perzentlik borjumyzdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz hem şu ýylyň 26-njy fewralynda ýaşlar syýasaty boýunça geçiren maslahatynda ýaşlaryň arasynda belent ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek bilen bagly işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Baba Myratgeldiýewiň hem ömür we zähmet ýoly, ussat yzçylygy taryhyň unudylmaz sahypalaryna hemişelik ýazyldy we ol Watanymyzyň dost-doganlyk serhediniň goragçylary üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.

Şöhratly taryhymyzda ýaşap geçen tanymal adamlaryň ömür ýoluny öwrenmekde, nesillere ýetirmekde zerur mümkinçilikleri döredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Kamar Saparow.

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

Degişli makalalar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Alymlara Bagyşlanan Sergi Açyldy

Toýumyza Gel, Toýumyza!

turkmenhabargullugy

Okuwçylaryň Sport Bäsleşikleri