23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ FOTO GALEREÝA Iň Täze Habarlar

Fotosurat Sungaty Arkaly Durmuşa Garaýyş

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp fotosuratlar sergisi açyldy. Oňa gelýänler dünýä ýurtlarynyň 15-sinden: ABŞ-dan, GFR-den, Belgiýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan, Owganystandan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan fotosurat ussatlarynyň döredijiligi bilen tanşyp bilerler.

Serginiň açylan güni daşary ýurtly fotosurat ussatlary sanly aragatnaşyk arkaly türkmen kärdeşleri bilen söhbetdeş boldular, öz eserlerini görkezdiler we has jebis gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň köpüsi Türkmenistana gelip görüpdirler, şonuň üçinem gözel, özboluşly ýurdumyz, onuň göwnaçyk, myhmansöýer adamlary barada mähirli sözleri aýtdylar, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine halkara forumy gurandygy hem-de döredijilik gatnaşyklaryna döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Sergä hödürlenen fotosurat eserleri olaryň awtorlarynyň – surata alnan pursatlary şekillendiriş sungatyna ýa-da çeper resminana öwürmäge ýokary hünärli fotosurat ussatlarynyň çeperçilik diliniň baýlygy bilen saýry gelýär.

Olaryň işleri arkaly modern ýörelgesine ýa-da üýtgeşik manzarlara, häzirki döwrüň üstünliklerine syn edip ýa-da taryh älemine aralaşyp bolýar. Gözel ýerler, inçebil bedewler, gujurly we dostana alabaý itleri, guşlar… kimin tebigat dünýäsi özüne çekiji görünýär. Galyberse-de, adam ykballarynyň we duýgylarynyň tapgyry haýrana goýýar.

Fotosuratlara at berilmedik bolsa-da, suratlar awtoryň pkirini şeýle bir göwrümli beýan edýär welin, dessine olara öz ýanyňdan at bereniňi duýman galýarsyň. Mysal üçin, «Beýik Watatnçylyk urşunyň weteranlarynyň söhbedi» atly ajaýyp suratda gojalar mübäreklenilýän pursady gürrüňe gyzypdyrlar (Türkmenistan). Ýa-da «Bagtyýar maşgala» suratda erkek adam bilen zenan maşgala ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, bir-birine mähirli bakyşdan doýmaýarlar (GFR). Şadyýan we mähirli eneli-gyzyň bir-birine bakyşyna «Sen meniň üçin iň eziz adam…» diýip at beresiň gelip dur (Ermenistan).

«Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaplygyny!» – diýip paýtagtymyzyň gözel keşbini görkezýän suratdaky iki kepderi özara «pikir alyşýarlar» (Türkmenistan).

Gyş paslynyň fotosurat manzary nepis gündogar şahyranalygy bilen haýran edýär (Hytaý). Ine-de, şadyýan guşlar maşgalasy: «Garlawaçlaryň günorta şamy» (Türkmenistan). Garpyz paçagynyň depesindäki bezzat serçeler «Başga-da tagam bolarmyka?» – diýýän ýaly (Türkmenistan).

Art-dekor usulyndaky işler tapgyry has-da göwnüňi göterýär. Bu eserleriň awtory itlaiýaly heýkeltaraş hem-de kinoaktýor Lorenso Kuinn gözelligi we özboluşlylygy bilen haýran ediji installýasiýalary döredip, olary surata düşürýär. Aýratynam işleriň ikisi has özüne çekiji çykypdyr. Olaryň birinde arasy açylan toparda erkek adam we zenan gollary galtaşýar. Awtoryň şunlukda bu iki adamyň bir sebäp bilen bir-birinden jyda düşselerd-de, henizem bir-birine aşykdygyny aýdasy gelen bolmagy mümkin. Beýlekisinde adam aýasynda daragt gögeripdir. Bu täsirli ýordum geljek şu günden döreýär diýen pikire muwapyk gelýär.

Ine-de, alabaý bilen taýçanagyň tanyşylygy «Gel, dostlaşaly!» (Türkmenistan). Bu surat bolsa, ekspressiýasy bilen özüne çekýär, oňa «Dag depesinde Gündogaryň başa-baş söweşi sapagy» diýesiň gelip dur. Bu işiň baş gahrymany şadyýan we parasatly halypa türgen-senseý (Günorta Koreýa).

Sadaja çagalar gahrymany bolan bu nurana surata «Süýji mekge iýmäň lezzeti başga…» diýesiň gelýär (Türkmenistan).

Halkara fotosuratlar sergisine gatnaşan ussat türkmen fotohabarçylaryna dabaraly ýagdaýda diplomlar we sowgatlar gowşuryldy. Olaryň arasynda biziň awtromyz, türkmen fotografiýasynyň ýaşulysy Ýuriý Şkurin, şeýle hem TDH wekilçilik edýän onuň kreatiw hem zehinli kärdeşleri: Süleýman Çaryýew, Alekseý Gemaletdinow we Pälwan Geldiýew dagy bar. Biz olary gutlaýarys hem-de kärdeşlerimiziň zehinli täze işlerine garaşýarys.

Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Halkara Maslahat Geçirildi

«Türkmenhimiýa» Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy