34 C
Aşkabat
03/06/2020
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Olimp» Sport Mekdebinde Erkin Göreş Boýunça Ýaryş Geçirildi

Golaýda sportuň erkin göreşi boýunça 2004-2005-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda «Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi tamamlandy.

«Olimp» orta sport mekdebiniň bedenterbiýe sagaldyş sport toplumynda guralan bu ýaryşa 7 topardan 130-dan gowrak türgen bäsleşdi. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde A.Tarhanow (41 kg.), G. Süleýmangeldiýew (45 kg.), N. Baýramdurdyýew (48 kg.), A. Rahmanow (51 kg.), M. Zarifow (55 kg.), B. Atageldiýew (60 kg.), G. Ahmedow (65 kg.), G. Akmammedow (71 kg.), M. Arslanow (80 kg.), R. Ataýew (92 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolup , ýeňişlerini baýram etdiler.

Umumytoparlaýyn ýaryşda «Olimp» orta sport mekdebi I orna, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi II orna, Aşgabat şäheriniň 6-njy sport mekdebi III orna mynasyp boldy.

Baýrakly orunlary eýelän türgenlere «Olimp» orta sport mekdebiniň Hormat hatlary we Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Döwranberdi AMANBERDIYEW,

«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metodisti

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Kanadanyň Täze Ilçisi Ynanç Hatynyň Nusgalaryny Gowşurdy

Türkmen-Koreý Işewürler Geňeşiniň Mejlisi Geçirildi

Sport Biraýlygynyň Ilkinji Bäsleşikleri

syrach