26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Futbol boýunça Merw we Ahal öňe saýlanýar.

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň dördünji tapgyrynyň jemleýji oýunlary geçirildi.Paýtagtymyzda ýurdumyzyň çempiony–Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary ikinji orunda barýan “Aşgabat” toparyny kabul etdi. Oýnuň birinji ýarymynda toparlaryň hiç birine hem tapawutlanmak başartmady. Duşuşygyň ikinji ýarymynda HTTU-nyň oýunçysy N.Muhammedow bir pökgüni tora saldy. Netijede “Aşgabat” topary çempionatda ilkinji gezek utuldy, HTTU bolsa sekiz utuk toplap, öňdäki orunlara geçdi. 

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda “Daşoguz” bilen “Merw” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk hem çekeleşikli boldy. D.Döwletmyradowyň geçiren ýeke-täk pökgüsi “Merwe” ýeňiş getirdi. 

Türkmenabat şäherinde “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Ahal” toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik örän netijeli boldy. Oýnuň birinji ýarymynyň dowamynda ahally türgenler 2:0 hasabynda öňde barýardylar. Duşuşygyň 84-nji minutynda A.Gurbanowyň yzly-yzyna geçiren 2 pökgüsi ýer eýeleriniň hasaby deňlemegine getirdi. Emma duşuşygyň tamamlanmagyna 5 minut galanda S.Geldiýewiň dürs urgusy “Ahaly” 3:2 hasabynda öňe çykardy. 

Şu oýundan bir gün öň Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparynyň myhmançylykda “Talyp sporty” toparyny 2:0 hasabynda utandygyny,”Balkan” toparynyň bolsa öz ýerinde 0:1 hasabynda “Altyn asyr” toparyndan utulandygyny ýatladýarys. Dört tapgyrdan soň “Altyn asyr” topary on utuk bilen birinji orunda barýar. “Merw” we “Ahal” toparlary ondan 1 utuk yzda barýarlar. Iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň bäsleşiginde “Ahal” toparyndan S.Ataýew, “Aşgabat” toparyndan E.Tagaýew we “Şagadam” toparyndan A.Boliýan öňde barýarlar. Olaryň her biri dört pökgi geçirdi. 

Futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň nobatdaky bäşinji tapgyry 28-nji martda “Altyn asyr” bilen “Talyp sporty” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlanar. 

Degişli makalalar

Türkmen Taekwondoçylarynyň Üstünligi

Aziadanyň Başlanmagyna Çenli Galan 30 Gün Ekologiýa Çäresine Beslener

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara bäsleşik.

syrach