11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Gandbol Boýunça Oglanlaryň Arasynda XI Uniwersiadanyň Ýeňijileri Belli Boldy

Golaýda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň düzüminde bolan gandbol boýunça ýaryş tamamlandy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň oglan talyplarynyň arasynda geçirilen bu ýaryş Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda guraldy.

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan geçirilen ýaryşyň netijesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty I orna eýe bolup, ýeňişini baýram etdi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty II orna, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa III orna mynasyp bolmagy başardy.

Şöhrat ORAZOW,

«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyñ Baş hünärmeni.

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa Resmi Sapary Başlandy

turkmenhabargullugy

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 28.02.2020-30.03.2020

turkmenhabargullugy

Bagtyýar ýurdumyzyň sport ýylýazgysy.

syrach