26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DURMUŞ

Garagumy öwrenmek.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda (ÇÖHMI) 2014-nji ýylda Garagumda gurulýan Türkmen kölüniň suw ulgamy bilen baglanyşykly giňişleýin gözleg maksatnamasy meýilleşdirildi. 2014-2016 ýyllar üçin möwsümleýin göçüş döwründe bu ýerde ýaşaýan we gyş aýlarynda düşleýän, uçup göçýän we uçup gelýän guşlaryň görnüşleriniň emele gelmegine Türkmen kölüniň edýän täsirini örenmek bilen meşgullanmak kesgitlendi. Bu gözlegler suwda ýüzýän guşlaryň toplanýan ýeri hökmünde (Ramsar konwensiýasy) Halkara ähmiýetli suw-batgaly ýerler hakynda halkara konwensiýasyna Türkmen kölüni goşmagy hödür etmäge taýýarlygyň çäklerinde geçiriler. 

Mundan hem başga, ÇÖHMI hünärmenleri tarapyndan kölüň golaýyndaky çäkleri tokaýlaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanar. Şular ýal bag ekemek synag işleri Bötendagda geçirildi. 2013-nji ýylda bu ýerde çöl ösümlikleriniň, aýratyn hem gara sazagyň, müňlerçe nahallary ekildi. 



Şeýle hem 2014-nji ýylda Türkmen kölüniň we onuň akabalarynyň Garagumyň ekoulgamyna edýän täsirini öwrenmek boýunça ylmy-gözleg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar, şeýle hem çölleşmegi öwrenmek we oňa baha bermegi öwrenmek ulgamy boýunça teklipler taýýarlanar. 

Institutyň alymlary 2014-2017 ýyllaryň golaý üç ýylynda kölüň zolagynda synag tejribelerini, ylmy gözleg işlerini geçirmegi we suwarmak üçin kollektor-drenaž suwlaryny ulanmak bilen, bu ýerde pissäni, türkmen badamyny we beýleki ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy meýilleşdirýärler. 

Mälim bolşy ýaly, şular ýaly synag işleri Jebel şäherçesiniň golaýyndaky synag meýdançasynda köp ýyllardan bäri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ýerde pisse, türkmen mindaly, kümüşsow igde agajy, garagaç we beýeleki pürli agaçlar ekilen toýunsow takyrda “sepleme” işleriniň geçirilmegi netijesinde suwuň süzülmesi bolup, ol has çuňluklara aralaşýar. Şeýle usulyň ulanylmagy birnäçe ösümlikleriň ösüp, boý almakda çölüň çylşyrymly şertleriniň synaglaryna döz geldiler. Şonda Garagumyň takrynyň keşleriniň suw toplamak mümkinçiligi alymlarda ýene-de bir pikiri – bakja we miwe, hat-da üzümi we nary ösdürip ýerişdirmeli diýen pikiri ýüze çykardy! Türkmen Kölüniň gurulmagy bilen üpjün bolan Garagumyň uly suwynyň gelmegi bilen, geljekde takyrlaryň miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde mümkinçiliginiň nähili ulydygyny görkezer. 

Türkmen köli – ýurduň dürli sebitleriniň oba hojalyk ekinlerinden çölüň jümmüşine – Garaşor çöketligine akýan suw kollektor-drenaž suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen çylşyrymly gidromelioratiw ulgamydyr. Bu topragyň şorlaşmak we batga öwrülmek bilen bagly meseleleri çözýär. Bu desganyň ilkinji tapgyry 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda ulanmaga berildi. Häzirki wagtda onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar, soňra bolsa, onuň üçünji tapgyrynyň gurluşygy tamalanandan soňra, ýurtda bütewi drenaž ulgamy dörediler we işläp başlar.

 

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda

turkmenhabargullugy

Ak Şäherim Aşgabat” Sergisi Tamamlandy

syrach

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Nyşanlary

turkmenhabargullugy