23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
TEHNOLOGİÝA

Gurluşykçy hünäri buýsançly kär!

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde gurluşyk senagaty üçin ýöriteleşdirilen elektroenjamlaryny öwrenmek üçin okuw-önümçilik ussahanasy açyldy. Bu ussahana nemes “BOSСH” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde açyldy. 

Nemes kärdeşleriniň halypaçylyk etmeklerinde türkmen mugallymlary ýörite usuly taýýarlygy geçdiler. Nazarýet sapaklary geçirilýän ýöriteleşdirilen okuw otagynda, şeýle hem tejribe okuwy üçin niýetlenen önümçilik ussahanasynda gurluşyk maksatlary üçin ulanylýan “BOSСH” fitmasynyň iň täze elektrotehnikasynyň nusgalarynyň onlarçasy ýerleşýär. 

Bu mekdep okuwyň alnyp barylşyny kämilleşdirmegiň ýoly bilen ymykly barýar. Birnäçe ýyl mundan ozal bu mekdepde ilkinji okuw-önümçilik ussahanasy gurluşyk önümlerini öndürýän, gury gurluşyk diýip atlandyrylýan tehnologiýalary işläp taýýarlaýan “KNAUF” nemes kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda açyldy. “KNAUF” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky baglaşylan şertnamanyň çäklerinde mekdebiň önümçilik işleri gerek bolan gurluşyk önümleri we enjamlary, şeýle hem ýörite eşik bilen üpüjün edilýär. Mälim bolşy ýaly, “KNAUF” kompaniýasynyň GDA ýurtlary bilen öz işine başlan ilkinji günlerinden başlap, häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary we önümleri bilen işleýän hünärmenleri okatmaga we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga maýa goýumlaryny goýýar. 

Mugallymlar düzümi gurluşyk ulgamy üçin işçileri taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak bilen, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň hemişe gözleginde. Bu babatda onuň Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanyň hünär bilim ulgamynyň hilini we ähmiýetini mundan beýläk hem gowlandyrmak” taslamasyna gatnaşmagy uly ähmiýete eýe boldy. Onuň amala aşyrylmagynyň çäklerinde mugallymlar hünär kämilleşdiriş, şeýle hem hyzmtdaş ýurtlaryň okuw mekdepleriniň we önümçilik gurluşlarynyň binýadynda guralan ýörite okuwlarynda boldular. 

Häzirki wagtda bu mekdepde senagat we raýat gurluşygy, gurluşyk önümleriniň we demirbeton gurluşlaryň tehnologiýasy, tejribe ähmiýetli geodeziýa, gurluşyk ýol maşynlary we enjamlary, dag işlerini açmak, gurluşygyň ykdysadyýeti, nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamak, nebtiň we gazyň geologiýasy, elektroüpjünçilik ýaly hünärler boýunça ýaşlara bilim berilýär. Bu ýerde ýurduň paýtagtynyň we welaýatlarynyň wekilleriniň 2700-e golaý oglan-gyzlaryna bilim berilýär. Şäheriň daşyndan gelenlere bu mekdebiň çäklerinde ýerleşýän ähli öňaýlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýyndan ýer berilýär. 

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň paýtagtymyzda ýerleşýän Gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilim özgertmeleriniň çäklerinde 2010-nji ýylda täze derejede açyldy. Bu mekdep Aşgabatda bolup geçen weýrançilikly ýer titremesiden soňra şäheri dikeltmek üçin gurluşyk hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 1949-njy ýylda açylan gurluşyk mekdebiniň binýadynda guraldy. Geçen onlarça ýyllaryň dowamynda mekdep öz adyny birnäçe gezek üýygetdi. Ýöne, ol häzir hem öňküsi ýaly dürli ugurlar boýunça gurluşykçylary taýýarlamaga ýöriteleşdirilendir.

Degişli makalalar

Ýokary Tehnologiki Önümçiligi

turkmenhabargullugy

HNGU-nyň Selektiw Pakerleri Nebit Guýularynyň Öndürijiligini Artdyrmaga Ýardam Eder

Uzynada Meýdançasyndaky Barlag Guýusynda 6400 Metr Çuňluga Ýetildi