18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YLYM

Geljekki alymlar üçin synaglar.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda professor-mugallymlar düzüminiň täze başlangyjy ornaşdyryldy. Mundan bu ýana her hepdäniň ahyrynda bu ýokary okuw mekdebinde dissertasion işlerini deslapky gorag görnüşi geçirilýär. Onuň çäklerinde aspirantlar we alymlyk derejesini gözleýjiler özleriniň gözleg işlerini geçirmekleriniň dowamynda toplan netijelerini görkezýärler. 

Ýörite ylmy gözleg işleri TDUweAI ýanyndaky aspiranturanyň ýörite geňeşiniň işiniň üç ugruna gabat gelýär.Bu – telekommunikasiýalar ulgamy, tory we gurluşyndan; toplumlaýyn seljerişden; maglumatlary dolandyrmak we işläp taýýarlamakdan; ýarym geçirijileriň fizikasyndan ybaratdyr. 

Deslapky goraga gatnaşyjylar doktorlardan we ylmyň kandidatlaryndan ybarat bolan synag alýanlaryň belliklerini we pikirlerini nazara almak bilen, saýlap alan temalaryna öz ylmy çemeleşmelerine öňünden „düzediş girizmäge“ mümkinçilik alýaralar. 

Aspirantlara ylmy derejeleri gözleýjilere „ýalňyşlaryny düzetmäge“ kesgitli wagt berilýär. Ondan soňra olar ýokary okuw mekdebiniň aspiranturasynyň ýanyndaky ýörite geňeşiň çäklerinde öz işleriniň nobatdaky deslapky goragyna göýberilýärler. 

Şeýleleik bilen, deslapky gorag özboluşly seçgi „usulyny“ ýerine ýetirýär we öz nobatynda, eýýäm geljegi bar bolan ylmy işleri Ýokary attestasiýa toparynyň öňünde öňde duran döwlet synagyny geçirmäge saýalamaga mümkinçilik berýär. 

Bu günki gün TDUweAI aspiranturasynda tehniki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aragatnaşyk ulgamynyň birnäçe edaralarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň hünärmenleri okaýarlar.

Degişli makalalar

Hekaýa: Tebip Enäniň Sargydy

Arheologlar «Köneürgenç» Ýadygärliklerinden Täze Gymmatlyklary Tapdylar

Gelejegi Uly Bolan Gatnaşyklar

syrach