23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Gök Ekinleri Ýetişdirmäge Telekeçileriň Goşandy

Gök – miwe önümlerini, şol sanda kartoşka öndürmegi artdyrmak boýunça wezipä laýyklykda Daşoguz welaýatynyň ekarançylary ýer we suw serişdelerinden rejelei peýdalanmak, ekin ýetişdirmegiň oýlanşykly tehnologiýasyny, seçgi işlerini ulanmak ýaly toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýärler. Bu ugurda sebitde daşary ýurtlardan getirilen, ýerli şertlere uýgunlaşan ýokary hasylly we kesellere durnukly sortlar ulanylýar.

Şu ýylyň baharynda käbir hojalyklarda toprak-howa şertlerini dannamaýandygy üçin halanylýan «Gala» german sortly tohumlyk kartoşka ekildi. Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Döwran Esenow Gurbansoltan eje etrabynyň N. Andalyp adyndaky daýhan birleşiginde kartoşkanyň şu sortunyň tohumlyk materialyny 600 gektara golaý ýere ekdi.

Telekeçiniň aýtmagyna görä, ony kartoşka ýokary hasyllylygy we ýerli şertlerde çalt ýetişýänligi bilen özüne çekdi. «Gala» sorty şeýle hem keselleriň köpüsine durnuklydyr we hiliniň gowulygy, düzüminde krahmalyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Ýurduň demirgazyk sebitinde kartoşkanyň ýerli sortlary bilen birlikde orta möhletde ýetişýän «Sante» golland sorty hem ekilýär. Ol yssy howada we aram çyglylykda ösýändigi, şeýle hem kesellere durnuklylygy, datly tagamy hem-de uzak saklanýandygy bilen ekarançylaryň arasynda meşhurdyr.

Batyr ÖRÄÝEW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Çempionatyň Birinji Duşuşygy Deňlikde Tamamlandy

Prezidentimiz Karara Gol Çekdi

syrach

Pagta ýygymy möwsüminiň ilkinji öňdebaryjylary.

syrach