10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

„Gubadag“ Folklor Toparynyň Çykyşlary Demirgazyk Welaýatyň Aýdym-Saz Sungatyny we Däplerini Beýan Edýär

„Gubadag“ Folklor Toparynyň Çykyşlary Demirgazyk Welaýatyň Aýdym-Saz Sungatyny we Däplerini Beýan Edýär

Daşoguz welaýatynyň Gubadag medeni merkeziniň „Gubadag“ folklor toparynyň her çykyşynda aýdym-sazlardyr, teatrlaşdyryan sahnalar, nakyllar atalar sözi, gelin toý, jaý toýy ýaly toý-baýram däpleri–milletiň ruhy-medeni baýlygy açylyp görkezilýär. Gelniň gaýyn öýüne düşen toý gününiň ertesini beýan edýän ‘ýerge toý“ hasam gyzykly. Indi topar türkmenlere mahsus gojalara sarpa goýmagyň nyşany bolan „akgoýun toýuny“ hem görkezýär.

Medeniýet babatda döwlet syýasaty taryhy-medeni baýlyklarymyzy saklap galmagy, olary öwrenmegi we giňden wagyz etmegi göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda halkymyzyň owadan däp-dessurlaryny görkezýän aýdym-sazdyr tans çykyşlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň „Ak bugdaý’, Görogly etrabynyň „Bedirkent“ we beýleki etnografiýa toparlarynyň çykyşlarynyň bezegidir. Olar folklor sungatyna diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda uly gyzyklanma bildirilýändigini göz öňünde tutup, öz çykyşlarynda olary jikme-jik beýan edip, milli ruhy gymmatlyklary saklap galmaga ýardam edýärler.
Batyr ÖRÄÝEW

Degişli makalalar

«Türkmennebit» DK: Goşmaça Çykarylýan Nebitiň Möçberleri Artdyrylýar

Birža Täzelikleri

Stambul Şäherinde Halkara Nowruz Baýramy Mynasybetli Dabaraly Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy