23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Haryt-Çig Mal Biržalary we Birža Söwdasy Hakynda Türkmenistanyň Kanuny

Haryt-Çig Mal Biržalary we Birža Söwdasy Hakynda Türkmenistanyň Kanuny

 TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 38-nji madda)

Şu Kanun haryt-çig mal biržalarynyň işlemeginiň, birža söwdalarynyň guralmagynyň we geçirilmeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda harytlaryň lomaý bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler.

Şu Kanunyň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) birža güni – birža söwdalarynyň geçirilýän güni;

2) birža ýygymy – birža söwdalarynyň guralmagy we geçirilmegi üçin birža tarapyndan birža söwdasyna gatnaşyjylardan alynýan töleg;

3) dellal – müşderiniň tabşyrmagy boýunça we onuň hasabyna öz adyndan biržada satyn almak-satmak geleşigi baglaşylanda araçylyk hyzmatlarynyamala aşyrýan şahs (birža agzasy);

4) diler – biržada öz adyndan we öz hasabyna birža geleşiklerini baglaşýan şahs;

5) forward geleşigi – hakyky (real) harydyň iberilişiniň möhletiniň gaýra çekilmegi bilen onuň satyn alynmagy-satylmagy barada geleşik;

6) fýuçers geleşigi – iberilmeginiň belli bir möhletden soň ýerine ýetirilmegi bilen geleşik baglaşylan pursatyndaky bellenilen nyrh boýunça standart şertnamasynyň satyn alynmagy-satylmagy barada geleşik;

7) haryt-çig mal biržasy –özi tarapyndan bellenilen kadalaragörä öňünden belli edilen ýerde we anyk wagtda geçirilýän, aýanlykdaky jemagat söwdalary görnüşinde amala aşyrylýan birža söwdalaryny guramak we düzgünleşdirmek arkaly harytlaryň lomaý bazaryny emele getirýän, ýuridik şahsyň hukuklary bolan gurama;

8) opsion geleşigi – geljekde bellenilen nyrh boýunça birža harydyny we (ýa-da) standart şertnamany satyn almaga ýa-da satmaga bolan hukuklaryň satyn alynmagy-satylmagy barada geleşik;

9) standart şertnama – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda haryt-çig mal biržasy tarapyndan tassyklanylan görnüşe laýyk gelýän hem-de birža harydynyň, onuň berilmeginiň anyk şertleri we geljekde borçlarynyň ýerine ýetirilmeginiň başga şertleri bilen satyn alynmagy-satylmagy göz öňünde tutulýan şertnama.

2-nji madda. Türkmenistanyň haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda kanunçylygy.

Türkmenistanyň haryt-çig mal biržalary we birža söwdasyhakyndakanunçylygyTürkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
EgerTürkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkaraşertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry.

Şu Kanunyň hereketi haryt-çig mal biržalary döredilende we işlände, biržada söwdalar guralanda we geçirilende ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.
Şu Kanun fond we pul biržalarynyň işi, şeýle hem haryt-çig mal biržalarynyň (mundan beýläk – birža) fond we pul bölümleriniň (bölümçeleriniň) işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmeýär.

4-nji madda. Biržanyň iş çygry.

Birža diňe birža söwdasyny guramak we geçirmek bilen baglanyşykly işi amala aşyrmaga haklydyr.
Birža söwda, söwda-dellalçylyk we birža söwdasyny guramak we geçirmek bilen gönüden-göni baglanyşykly bolmadyk başga işi amala aşyryp bilmez. Bu çäklendirme biržanyň agzasy bolup durýan ýuridik we fiziki şahsa degişli däldir.

5-nji madda. Birža işiniň esasy ýörelgeleri.

Şu aşakdakylar birža işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) birža söwdalarynyň geçirilişiniň aýanlygy we köpçülikleýinligi;

2) birža söwdalarynda nyrhlaryň emele getirilmeginiň erkinligi;

3) birža geleşiklerini baglaşmagyň meýletinligi;

4) birža söwdasyna gatnaşyjylar üçin birža söwdalaryna gatnaşmagyň şertleriniň deňligi.

6-njy madda. Birža harydy.

Birža harydy diýlip, bellenilen tertipde birža tarapyndan birža söwdasyna çykarylmagyna rugsat berlen, belli bir kysymy we hili bolan haryda, şol sanda önüme, çig mala, standart şertnama (mundan beýläk – haryt) düşünilýär.
Medeni mirasyň we intellektual eýeçiligiň obýektleri, gozgalmaýan emläk, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýat dolanyşygyndan aýrylan emläk birža harydy bolup bilmez.

7-nji madda. Birža geleşigi.

1. Birža söwdalarynyň barşynda birža söwdasyna gatnaşyjylar tarapyndan birža harydy babatynda baglaşylan, biržada bellige alnan şertnama (ylalaşyk) birža geleşigi bolup durýar.
Birža geleşikleriniň bellige alynmagy we resmileşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

8-nji madda. Birža geleşikleriniň görnüşleri.

Birža söwdalarynyň barşynda birža söwdasyna gatnaşyjylar tarapyndan şu aşakdaky geleşikler amala aşyrylyp bilner:

1) hakyky (real) harydy satyn almak we satmak geleşigi, şol sanda harydy haýal etmän gowşurmak ýaibermek, ýa-da haryda bolan eýeçilik hukugynyň resminamalaryny gowşurmak;

2) forward geleşigi;

3) fýuçers geleşigi;

4) opsion geleşigi;

5) harytlaryň, şertnamalaryň ýa-da hukuklaryň satyn alynmagynyň-satylmagynyň birža söwdasynyň kadalarynda bellenilen başga geleşikler.

9-njy madda. Birža dellalçylygynyň amala aşyrylmagy.

Birža söwdasy şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:
1) birža dellaly tarapyndan birža geleşikleriniň baglaşylmagy (dellalçylyk işi);

2) birža dileri tarapyndan birža geleşikleriniň soňundan biržada alyp satmak maksady bilen baglaşylmagy (dilerçilik işi).

Birža söwdasynda dellalçylyk işi diňe birža dellallary (biržanyň dellalçylyk gulluklary, garaşsyz dellallar) tarapyndan amala aşyrylýar.

2-nji BAP. BIRŽALARYŇ IŞINIŇ DÖWLET  TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

10-njy madda. Biržalaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar.

Biržalaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, biržalaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly edara (mundan beýläk – ygtyýarly edara) tarapyndan amala aşyrylýar.

11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň birža işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi babatda ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň birža işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) ygtyýarly edarany kesgitleýär we onuň Düzgünnamasyny tassyklaýar;

4) birža geleşiklerini resmileşdirmegiň we bellige almagyň tertibini tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda satylýan harytlaryň sanawyny, bu birža tarapyndan bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalarynyň görnüşlerini, şeýle hem bellige alnandygy üçin birža ýygymlarynyň möçberlerini kesgitleýär;

6) birža hyzmatlary üçin birža ýygymynyň möçberini kesgitlemegiň tertibini belleýär;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

12-nji madda. Ygtyýarly edaranyň birža işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi babatda ygtyýarlyklary

Ygtyýarly edara:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine Türkmenistanyň birža işi babatda kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri berýär;

3) birža geleşiklerini resmileşdirmegiň we bellige almagyň tertibini işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamagy üçin hödürleýär;

4) birža söwdalarynyň guralyşyna we geçirilişine gözegçilik edýär;

5) ýüze çykarylan düzgün bozmalary aradan aýyrmak boýunça biržalar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan teklipnamalary çykarýar;

6) birža söwdasyna gatnaşyjylaryň ýüz tutmalaryna we arzalaryna seredýär;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

3-nji BAP.  BIRŽANYŇ DÖREDILMEGI, ÜÝTGEDILIP GURALMAGY, IŞINIŇ BES EDILMEGI WE ÝATYRYLMAGY. BIRŽANYŇ ESASY WEZIPELERI, HUKUKLARY WEBORÇLARY

13-nji madda. Biržanyň döredilmegi,üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegiwe ýatyrylmagy

1.Biržanyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Birža Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda şahamçalaryny döredip biler.
Jemgyýetçilik guramalary, karz edaralary we ätiýaçlandyryş guramalary biržalaryňdöredijileri bolup bilmezler.
Biržanyň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

14-nji madda. Biržanyň firma ady.

Biržanyň Türkmenistanyň döwlet dilindäki doly firma ady bolmalydyr we onuň gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr. Biržanyň daşary ýurt dilleriniň birindäki doly we (ýa-da) gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr.
Biržanyň firma adyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.
Birža söwdalarynyň guralmagy we geçirilmegi bilen baglanyşykly işi amala aşyrmaýan ýuridik şahslar firma adynda “haryt-çig mal biržasy” we “birža” diýen sözleri ulanyp bilmeýärler.

15-nji madda. Biržanyň esasy wezipeleri.

Biržanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar:

1) lomaý haryt bazarynyň ösdürilmegine ýardam etmek;

2) ýurduň öndürijileriniň harytlarynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak;

3) birža söwdalaryny guramak we geçirmek;

4) birža geleşiklerini bellige almak;

5) harytlara bolan islegleri we teklipleri seljermek;

6) nyrhlaryň kotirowkasyny geçirmek;

7) birža nyrhlarynyň hereketine täsir edýän ýagdaýlary öwrenmek.

16-njy madda. Biržanyň hukuklary we borçlary

Biržanyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) kotirowkany geçirýän, arbitraž, listing we başga birža toparlaryny döretmeklige;

2) eger-de birža geleşikleriniň nyrhlary birža gününiň dowamynda birža tarapyndan kesgitlenilen nyrhlaryň derejesinden gaty üýtgeýän bolsa, birža söwdasyny saklamaklyga;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde birža hyzmatlary üçin birža ýygymlarynyň möçberini kesgitlemeklige;

4) birža söwdalarynyň kadalarynyň bozulandygy üçin jerimeleri bellemeklige;

5) forwardlaýyn, fýuçersleýin şertnamalar we opsionlar bilen alnyp barylýan birža söwdasyna gatnaşyjylar üçin geleşikleriň ýerine ýetirilmegini hem-de geleşikleriň ýerine ýetirilmezligi ýa-da olaryň doly däl derejede ýerine ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kepillendirýän tölegleriň görnüşlerini, möçberini we olary almagyň tertibini bellemäge;

6) birža söwdalarynda ýerlenen hakyky (real) harydyň satyn alyjy tarapyndan kabul edilişine gatnaşmaklyga;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işi amala aşyrmaga.

Biržanyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklary hem bolup biler.

Birža şu aşakdakylara borçludyr:

1) birža söwdalaryny geçirmegiň kadalaryny bellemeklige;

2) nyrhlaryň kotirowkasyny harytlara bolan islegiň we teklibiň esasynda amala aşyrmaklyga;

3) birža söwdasyna gatnaşyjynyň talap etmegi boýunça birža söwdasynyň kadalarynda göz öňünde tutulan halatlarda birža söwdalaryna çykarylýan we (ýa-da) birža söwdalarynda ýerlenen hakyky (real) harydyň hiline seljerme geçirilmegini guramaklyga;

4) birža harytlary üçin standartlary bellemeklige;

5) ygtyýarly edaranyň tabşyryknamalaryny ýerine ýetirmeklige;

6) birža söwdasyna gatnaşyjylara geçiriljek birža söwdalary barada habar bermeklige;

7) geçirilen birža söwdalarynyň netijeleri baradaky maglumaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmeklige.

Birža Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary hem çekip biler.

17-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

1.Türkmenistanyň harytlaryň lomaý bazarynyň esasy guramaçylyk düzümi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bolup durýar, ol özüniň ýöriteleşiş derejesi boýunça köpugurlydyr we birža söwdasyna harytlaryň dürli görnüşlerini kabul edýär, birža geleşikleriniň esasynda baglaşylan şertnamalary, şeýle hem görnüşleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny bellige alýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hukuk ýagdaýy, onuň ygtyýarlyklary we esasy wezipeleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti satylmagy diňe Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda amala aşyrylýan harytlaryň sanawyny, bu biržada bellige alynýan daşary söwda we içeri söwda şertnamalarynyň görnüşlerini, şeýle hem şertnamalary bellige almak üçin birža ýygymlarynyň möçberlerini kesgitleýär.

4-nji BAP.  BIRŽA SÖWDALARYNYŇ GURALYŞY WE GEÇIRILIŞI.BIRŽA SÖWDASYNA GATNAŞYJYLAR

18-nji madda. Birža söwdalarynyň guralyşy we geçirilişi.

Birža söwdalarynyň guralmagy we geçirilmegi birža söwdasynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Birža söwdasynyň kadalarynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

1) birža söwdasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi;

2) birža söwdalaryna gatnaşmagyň tertibi;

3) birža geleşikleriniň görnüşleri;

4) harytlaryň birža söwdalaryna çykarylmagyna rugsat berilmeginiň tertibi (listing);

5) birža söwdasyna gatnaşyjylara geljekki birža söwdalary barada habar bermegiň tertibi;

6) birža geleşiklerini baglaşmagyň, resmileşdirmegiň, bellige almagyň we  hasabynyň ýöredilmeginiň tertibi;

7) biržanyň harytlarynyň nyrhlarynyň kotirowkasynyň tertibi;

8) birža söwdasyna gatnaşyjylaryň arasyndaky özara hasaplaşygyň tertibi;

9) nyrhlaryň derejesiniň ýiti ýokarlanmagyna ýa-da aşaklanmagyna, nyrhlaryň emeli ýokarlandyrylmagyna ýa-da aşaklandyrylmagyna, nyrhlara täsir etmek maksady bilen ylalaşyklara, ýalan habarlaryň ýaýradylmagyna ýol bermezlik maksady bilen, birža söwdalarynda nyrhlaryň emele getirilmeginiň gidişine gözegçilik etmek boýunça çäreler;

10) eksport we import edilýän harytlaryň dünýä we birža nyrhlarynyň gözegçilik barlagyny geçirmegiň usullary;

11) birža söwdasyna gatnaşyjylar tarapyndan biržanyň Tertipnamasynyň, birža söwdasynyň kadalarynyň hem-de birža söwdasyny düzgünleşdirýän beýleki resminamalaryň talaplaryny berjaý etmekleri boýunça çäreler;

12) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň içerki gözegçiligini üpjün edýän çäreler;

13) birža söwdalarynda tertibi we düzgün-nyzamy üpjün edýän çäreler, şeýle hem olary ulanmagyň kadalary;

14) birža söwdasyna gatnaşyjylara jerime salynmagyna degişli düzgün bozmalaryň görnüşleri;

15) geçirmeleriň, ýygymlaryň, tarifleriň, jerimeleriň we beýleki tölegleriň möçberleri hem-de olaryň biržanyň haýryna töledilmeginiňtertibi;

16) birža söwdasyna gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary;

17) birža söwdalaryna gatnaşyjylara geçen birža söwdalaryndaky birža geleşikleri hakynda, şol sanda birža geleşikleriniň nyrhlary we biržada nyrhlaryň kotirowkasy hakynda habar berilmeginiň tertibi.

Birža söwdasynyň kadalary biržanyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.

19-njy madda. Birža söwdasyna gatnaşmak.

Birža söwdasyna birža dellallary (biržanyň agzalary), hakyky (real) harytlary, şertnamalary we opsionlary satyjylar we satyn alyjylar – birža söwdasyna gatnaşyjylar,gelýänler gatnaşyp bilerler.
Birža söwdasyna gatnaşyjylarbirža söwdasyna biržanyň dellalçylyk gulluklarynyň we garaşsyz dellallaryň üsti bilen gatnaşyp bilerler.
Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs garaşsyz dellal bolup durýar.

20-nji madda. Birža söwdalaryna gelýänler.

Biržada akkreditirlenen birža dellallary bolup durmaýan ýuridik we fiziki şahslar geleşikleri amala aşyrmak hukugy bolan birža söwdalarynagelýänler bolup bilerler.
Birža söwdalaryna bir gezek gelýän­leriň öz adyndan weöz hasabyna hakyky (real) harydageleşikle­ri baglaşmaga hukugy bardyr.
Birža söwdalaryna gelýanler birža dellallary bilen deň hatarda birža hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.Birža söwdalaryna gelýänlerbirža söwdasyna gatnaşmaga hukuk gazanmaküçin birža tarapyndan kesgitlenilenmöçberde töleg tölemäge borçludyrlar.
4.Birža söwdasynyňgatnaşyjylary bolup durmaýan daşary ýurt ýuridik şahslary, bilelikdäki kärhanalar, şeýle hemdaşary ýurt raýatlarywe raýatlygy bolmadyk adamlar birža söwdasyna diňe birža dellallarynyň üsti bilen gatnaşýarlar.

21-nji madda. Birža dellallarynyň we olaryň müşderileriniň özara gatnaşyklary.

Birža dellallarynyň öz müşderileri bilen gatnaşyklary olaryň arasynda baglaşylýan dellalçylyk hyzmaty hakynda şertnamalar bilen düzgünleşdirilýär.
Birža Tertipnamasynda kesgitlenilenöz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birža dellallarynyň hem-de olaryň müşderileriniň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyryp, birža dellallarynyň we olaryň müşderileriniň özara gatnaşyklarynyňbirža tarapyndan bellenilen kadalaryny bozan birža dellallaryna jerimeleri ulanyp biler.
Birža dellallarynyň öz müşderilerinden biržanyň hasaplaşyk merkezindäki öz hasaplaşyk hasaplaryna kepilliktöleglerini tölemekleriniweözüne berlen ygtyýarlylyga laýyklykda birža dellalynyň adyndan bu serişdelere erk etmäge ygtyýarlyklaryň berilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

5-nji BAP. Biržalarda hasaba alyş we hasabatlylyk. BIRŽALARYŇ GULLUKÇYLARY

22-nji madda. Biržalarda buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk.

Biržalar buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe we statistik hasabatlylygyň düzülmegini we berilmegini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edýärler.

23-nji madda. Biržalar tarapyndan resminamalaryň hasaba alnyşy we saklanylyşy

Biržalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalaryň pugta hasaba alnyşyny we saklanylyşyny üpjün etmäge borçludyr.

24-nji madda. Biržalarasalgyt salynmagy.

Biržalara salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

25-nji madda. Biržanyň täjirçilik syry.

Biržanyň täjirçilik syryny düzýän maglumatlar we olaryň goralmagynyň tertibi birža tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, biržanyň gullukçylarynyň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özlerine mälim bolan täjirçilik syryny we başga gulluk maglumatyny ýaýratmaga, şeýle hem ony şahsy bähbitleri üçin peýdalanmaga  hukugy ýokdur.

26-njy madda. Biržanyň gullukçylary.

Birža bilen onuň gullukçylarynyň arasyndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
Biržanyň gullukçylaryna birža geleşiklerine göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşmak gadagandyr.

6-njy BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

27-nji madda. Jedelleriň çözülişi.

Taraplaryň ýaraşdyrylmagyny ýa-da bitarap kazyýetiň başga wezipelerini amala aşyrýan edara hökmünde, biržada jedelleriň çözülmegi üçin Birža arbitražy (arbitraž topary) döredilýär.
Jedelleriň Birža arbitražynda (arbitraž toparynda) seredilmegi jedelleriň kazyýete çenli çözülmegi bolup durýar.

Birža arbitražynyň (arbitraž toparynyň) ygtyýarlylygy we onuň jedellere seretmeginiň tertibi birža tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
Eger taraplaryň haýsy hem bolsa biri Birža arbitražynyň (arbitraž toparynyň) çözgüdi bilen ylalaşmasa ýa-da onuň çözgüdi meýletinlik tertibinde ýerine ýetirilmeýän bolsa, onda gyzyklanýan tarapyň Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga hukugy bardyr.

28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik.

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligeeltýär.

29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
1994-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky “Haryt-çig mal biržalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 17-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň                                 Gurbanguly

Prezidenti                                       Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 1-nji marty.

№ 38-V.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň Açylyş Dabarasyna Çagyrdy

DIM-iň Halkara Gatnaşyklary Institutynda Aziada-2017-ä Bagyşlanan Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary Ýurt Kompaniýalarynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy