18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
TEHNOLOGİÝA

Zamananyň Älem Nyşany

Häzirki zaman döwri döredijilikli häsiýete we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygyny açyp görkezýän möhüm, ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Bu syýasy wakalar ýurduň oňyn bitaraplyk mümkinçiliginden we onuň dünýä jemgyýetçiliginde abraýynyň artmagyndan, durnukly ösüşi üpjün edýän ykdysady taýdan gazanylanlardan, dürli ulgamlarda – medeniýetde, ylymda, bilimde, sportda ýüze çykýan belent döredijilik ruhundan ybaratdyr. 

Täze zamananyň täze gazananlarynyň biri hem Türkmenistanyň milli hemrasynyň äleme uçurylmagydyr. Bu bolsa, gürrüňsiz, diňe bir taryhy ähmiýete eýe bolman, eýsem biziň ata Watanmyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar, jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny täze derejelere çykarýar hem-de täze gözýetimleri açýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe gezek belleýşi ýaly, özümiziň emeli hemramyzyň bolmagy, ykdysadyýetiň diwersifikasilaşmagyna, täze ykdysady ulgamlarda intellektual mümkinçiligi ýokarlandyrmaga, ylmy-barlag taslamalary amala aşyrmaga ýardam berer. Bu bolsa umumylykda innowasion taýdan nazarlaýan ykdysadyýeti, häzirki zaman aragatnaşyk we dolandyryş ulgamlaryny döretmäge alyp barar. 

Bu taslamanyň ýurdumyz üçin möhümligi diňe bir halk hojalyk toplumynyň telekommunikasiýa zerurlyklaryny üpjün etmekden we degişli gurluşlary kämilleşdirmekden ybarat bolup durman, eýsem onuň bähbitliligini her bir türkmenistanly hem duýup biler. Sebäbi hemranyň ulanylmagy ýurduň bütin sebitinde, hatda uzakdaky ilatly nokatlarda hem, tizlikli Interneti üpjün etmäge güýçli itergi berer, şeýle hem sanly tele alyp görkezilişi has ýokary hilli alyp görkezmäge mümkinçilik berer. Hemra we häzirki zaman maglumatlar tehnologiýalaryna goşulyşlmagy Türkmenistanyň älem bilen bagly gözleg işlerini özdürmäge şertleri döredýär, biziň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga hyzmat edýär. 

ABŞ-ň Kanaweral burnundan «TürkmenÄlem 52°E» hemrasynyň uçurylmagy düýnýä jemgyýetçiliginde ýurduň täze keşbiniň nyşanyna öwrüldi. Bu waka mynasybetli halkara habar beriş serişdeleri tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Рейтер, Washington Post, The Los Angeles Times, The Independent, The Guardian, Business Insider, Forbes, USA Today, Mirror.co.uk ýaly belli habar beriş gulluklarynyň, iri syýasy we ykdysady neşirleriň öz saýtlarynda emele hemranyň ýeriň töwereginiň orbitasyna üstünlikli çykarylandygy barada habarlary ýerleşdirdiler. Reýreriň habarçysynyň belleýşi ýaly, “Merkezi Aziýada, Ýewropada, Golaý Gündogarda we Demirgazyk Amerikada 1,2 milliartdan gowrak adama telealnyp görkezilişi we beýleki hyzmatlary edýän Türkmenistanyň ilkinji telekommunikasion kosmiki apparaty bolar”. «Ракета SpaceX Türkmenistan üçin ilkinji hemrasy bolup uçýar» atly reportažynda biziň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda hemrany guran «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň prezidentiniň aýdan sözlerini getirýär: “Hemranyň uçurylmagy kosmiki döwlet hökmünde Türkmenistanyň ösmeginde möhüm ilkinji ädim bolup durýar”. “Bu Merkezi Aziýa döwleti üçin möhüm bolup durýar” diýip, Britaniýanyň Independenti ýaňky aýdylanlary gaýtalaýar. Türkmen hemrasynyň üstünlikli hemra çykarylmagy mynasybetli Forbes elektron saýty: “Aragatnaşyk hemrasy, Türkmenistanyň torunyň ilkinji bölegi Thales’ Spacebus 4000 C2 platformasynda guruldy” diýip nygtaýar. 

Interneti ulanýanlar Yahoo.com. täzelikler saýtyndan türkmen hemrasy baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilerler. «SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy Türkmenistanyň ilkinji hemrasyny uçurýar» atly materialda amerikanyň kosmiki kompaniýasynyň wekillerine salgylanmak bilen, «TürkmenÄlem 52°E» orbitada işläp başlamagy bilen, ýurdy kämilleşdirilen, goragly telekommunikasiýa ulgamy bilen üpjün etmek bilen “Türkmenistana özüniň ilkinji milli hemrasyny dolandyrmaga mümkinçilik berer”. Bu babatda hususy häzirki zaman hemra aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy Gündogar bilen Günbataryň arasynda möhüm maglumatlar-kommunikasion köprüsi hökmünde türkmen döwletiniň mundan beýläk hem geljegi uly bolan ösüşi bilen şertlendirilendigini bellemek gerek. Sebäbi hemranyň geostasionar orbitada ýerleşmegi Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň ýaýlymlaryny alyp eşitdirmäge üstaşyr geçirýän ýurt hökmünde bolmagyna şert döredýär.

Degişli makalalar

Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer

turkmenhabargullugy

Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi