23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Gyrgyzystanda Atambaýew döwri başlady.

Gyrgyzystanda Almazbek Atambaýew döwri başlady.

“Bu täze döwür Prezidentiñ däl, eýsem ýurduñ täze döwrüdir” diýen Atambaýew wezipäni ozalky Prezident Roza Otunbaýewadan öz üstüne aldy we kasam etdi.

Bişkekdäki Flarmoniýa binasynda guralan kasam edişlik dabarasyna birnäçe ýurduñ lideri gatnaşdy.

Dabarada ilki ozalky Prezident Roza Otunbaýewa çykyş etdi.

Otunbaýewa “Gyrgyzystanyñ prezidenti bolup işlän döwrümde döwletiñ we halkyñ jebisligini goradyk. Saýlawlar üstünlikli ýagdaýda geçdi. Bu möhüm wezipäni öz üstüne aljak Almazbek Atambaýewe üstünlik arzuw edýärin. Onuñ tejribesiniñ ýurdumyzy ýagty geljege tarap alyp gitjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Gyrgyzystanyñ täze Prezidenti Atambaýew soñ bolsa kasam edip wezipesine başlady.

Atambaýew prezident hökmünde eden ilkinji çykyşynda; “Bu täze döwür Prezidentiñ däl, eýsem ýurduñ täze döwrüdir. Mejlisimiz işlemeli, adalat ýola goýulmaly. Çünki halk hemme zadyñ hasabyny sorar” diýip belledi.

Atambaýew ýurduñ esasy meselelerinden biri bolan galplyga we para-peşgeşe garşy göreşjekdigine ünsi çekdi.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ýaşlar Düzümleriniň Gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň Birinjiliginiň 6-njy Tapgyry Geçiriler

Hazar Sebiti-Hyzmatdaşlygyň Çäkleridir

syrach

Prezidentimiziň Döwlet Baştutany Wezipesine Saýlanan Senesi

syrach