26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Aşgabat-Kazan Türkmen Uçarmanlarynyň Täze Ugry

Aşgabat-Kazan Türkmen Uçarmanlarynyň Täze Ugry

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa kärhanasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi. T5-733 belgili ugur bilen Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtynyň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. Indi Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň 3-7 günleri boýunça häzirki zaman howa ulaglarynda uçup bolar.

2-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýerine ýetirilýän daşarky howa uçuşlarynyň çäklerini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygy barada aýdyp, täze howa gatnawynyň açylmagyny oňlady hem-de howa ulaglary ulgamyny häzirki günüň talaplaryna, tehniki taýdan hyzmat etmegi hem-de ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini, uçuşlaryň howpsuzlygynyň ýokary derejesini dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmek boýunça tabşyryklary berdi.

Ýolagçylar we türkmen uçarmanlarynyň wekiliýeti, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary Kazana ilkinji uçuşa iň täze “Boeing-737-800” uçarynda ugradylar. Bu uçar şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Halkara howa menziliniň dabaraly açylan mahaly “Türkmenistan” howa kärhanasyna getirildi.

Ikitaraplaýyn türkmen-russiýa ylalaşyklarynyň çäklerinde açylan Tatarystan Respublikasy bilen howa gatnawy dostlugyň we hyzmatdaşlygyň täze köprüsi bolmaga hem-de döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň netijeli hyzmatdaşlygy gadymy taryhy arabaglanyşyklara, iki halkyň medeni we ruhy umumylygyna daýanýar. Tatarystanyň öňdebaryjy kärhanalary bolan “KamAZ”, “Tatneft”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” we beýlekiler türkmen hyzmatdaşlary bilen göni aragatnaşyklary ýola goýdular.

Ýurdumyzyň uçarmanlary yzygiderli halkara uçuşlaryň gerimini hemişe giňeldýärler hem-de bar bolan ugurlarda uçuşlaryň ýygylygyny we gatnatmagyň möçberlerini artdyrýarlar. Häzir “Türkmenhowaýollarynyň” nyşany bolan uçarlara Moskwanyň we Londonyň, Frankfurtyň we Birmengemiň, Bangkokyň we Deliniň, Abu-Dabiniň we Amritsaryň, Pekiniň we Stambulyň howa menzillerinde duşmak bolýar. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň wekilhanalary GDA-nyň ýene-de iki şäherlerinde, ýagny Belarusuň Minsk we Gazagystanyň Almaty şäherlerinde açyldy.

Howa ýolagçylaryna hyzmatlaryň hemme toplumyny hödürleýän häzirki zaman howa menzilleri toplumlarynyň döredilmegi, uçarlaryň ähli görnüşlerini kabul etmäge ukyply bolan uçuş-gonuş zolaklarynyň gurulmagy howa ulaglarynyň ösen düzümini döretmek, ony iň döwrebap enjamlar we tehnikalar bilen enjamlaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy strategiýasynyň bir bölegidir.

Hut döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyz Aşgabatda sagatda 1600 ýolagçy ýa-da bir ýylda 14 million ýolagçy geçirmäge ukyply ýolagçy terminaly bolan Merkezi Aziýada iň iri howa toplumy guruldy we şu ýyl ulanmaga berildi. Türkmenbaşy şäherinde häzirki zaman Halkara howa menzili, Maryda ýolagçy terminaly we uçuş-gonuş zolagy hereket edýär. Türkmenabat şäherinde gurulýan täze howa menziliniň toplumy geljek ýylyň awgustynda açylar. Daşoguz şäheriniň howa menzilinde “Boeing-777-200 LR” uçarlaryny kabul edip bilýän täze uçuş-gonuş zolagy hem-de beýleki desgalar ulanmaga berildi. Düzümleýin desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Soňky wagtda “Türkmenistan” kärhanasynyň uçarlary Pariže uçup başlady. Şu ýylyň başynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara we Latwiýanyň Riga paýtagt şäherlerine täze howa ugurlary açyldy. Ýakyn wagtda Eýran Yslam Respublikasyna hem-de Italiýanyň Milan şäherine ýolagçy uçuşlaryny guramak baradaky meselä garalar. Öňdebaryjy awiasiýa tehnikalaryny ulanmagyň hasabyna, ilkinji nobatda, “Boeing-777-200 LR” iň häzirki zaman uçarynyň ulanyp başlanmagy bilen Türkmenistanyň uçarmanlarynda yzygiderli howa gatnawlarynyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik döredi.

Türkmen howa ýollarynyň täze ugry 2005-nji ýylda özüniň müň ýyllygyny baýram eden Russiýa Federasiýasynyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Kazandyr. Şäher “Russiýanyň üçünji paýtagty” hökmünde hasaba alnan nyşana eýedir. Ol Russiýa Federasiýasynyň iri ykdysady, ylym, bilim, medeniýet we sport merkezleriniň biridir. 2015-nji ýylda Kazan sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny geçirdi, 2017-2018-nji ýyllarda bolsa futbol boýunça Konfederasiýa kubogy we dünýä çempionaty geçiriljek şäherleriň biri bolar. Örän tiz ösýän syýahatylyk ugurlary hökmünde Kazan dünýäde 8-nji orny we Ýewropada 3-nji orny eýeledi.

Kazanyň Halkara howa menziline uçar gelip gonandan soň, ýolagçy terminalda myhmanlar hem-de häzirki uçuşyň ýolagçylary mähirli garşylandy. Uçardan düşülmeginiň öň ýany türkmen we tatar toparynyň wekilleri ýaşyl toý bagyny kesdiler.

Tatarystanyň Ulag we ýol hojalygy ministrliginiň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň, “Kazan” Halkara howa menzili” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň we beýleki resmi adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen metbugat maslahatynda täze ugruň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm halka öwrüljekdigi nygtaldy.

Tatarystan Respublikasynyň ulag we ýol hojalygy ministri L.Safiniň öz çykyşynda belleýşi ýaly, iki ýurduň hyzmatdaşlygy, hususan-da, ykdysady ulgamda, medeni we ruhy durmuşda ýyllaryň synagyndan geçdi. Häzirki gatnawyň açylmagy hem biziň netijeli gatnaşyklarymyzy has ösdürmäge ýardam berer.

Degişli makalalar

Özbegistanda 29-njy martda prezident saýlawy geçirler.

syrach

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

syrach

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda Ýaýbaňlandyrylan Giň Möçberli Özgertmelere Mynasyp Goşant Goşmak Biziň Umumy Maksadymyz