26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar

Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köpöwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar.

Şu günüň esasy wakalary Mary şäherinde, köpçülikleýin medeni çäreleriň guralýan ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky meýdançada geçirildi.

Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, köpsanly ýerli ýaşaýjylar we ähli welaýatlaryň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda žurnalistler, syýahatçylar we beýlekiler bar. Mary şäheriniň howa menzilinde baýramçylyga gelenleri toý pişmeleri, däp bolan milli süýji nygmatlar bilen garşyladylar.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýynda, açyk asmanyň astynda giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergini amaly-haşam sungatynyň eserleri, suratkeşleriň, halk senetleriniň ussatlarynyň eserleri, halylar, şaý-sepler, at esbaplary, türkmenleriň durmuşda ulanýan zatlary hem-de gadymy zähmet gurallary düzdüler. Çünki, gije-gündiziň deňleşýän bahar baýramy ekerançylyk senenamasynda aýratyn orun eýeläp, meýdan işleriniň hem-de täze oba hojalyk ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Bu ýerde köpsanly ak öýli, tagta sekili, öý haýwanlary ýerleşdirilen agylly uly türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Ol köpöwüşginli söwda nokatlarynyň ençemesini özünde jemleýän gündogar bazary bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.

Döredijilik toparlary, aýdymçylar, sazandalar we folklor toparlary dabara gatnaşyjylary joşgunly aýdym-sazlar we tanslar bilen mübärekleýärler. Çagalar hormatly myhmanlary labyzly goşgular hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşylaýarlar. Çagalar halk oýunlaryny ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezýärler, oglanlar aşyk oýnaýarlar, gyzjagazlar bolsa öz gurjaklary bilen gümra bolýarlar. Dört aýakly “gahrymanlar” – enaýyja alabaýyň güjügi hem-de guzujyk we beýlekiler toý sahnasynyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Ýurdumyzyň her bir sebiti aýdym-sazly we etnografiki çykyşlary, sergileri hem-de dürli dessurlary, Nowruz baýramyna taýýarlyk görülýän hem-de bu baýramçylygyň garşylanýan pursatlaryny, gadymy döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň ekerançylyk bilen meşgullanyşyny beýan edýän sahnalary öz içine alýan çykyşlary taýýarlady.

Kimdir biri azal ýasaýar, beýleki biri bolsa saz gurallaryny taýýarlaýar, söwdagärler telpek we tahýa satýarlar, dürli öwüşginli ýüpek matalar, owadan bezelen küýzeler we gap-gaçlar gözüňi dokundyrýar. Olaryň golaýynda täsin halylar hem-de şaý-sepler, milli nagyşlar bar. Bagşylaryň ýerine ýetirýän halk aýdym-sazlary bu dabara ýakymly öwüşgin çaýýar. Myhmanlaryň köpüsi olaryň ýerine ýetirýän sazlaryny lezzet alyp diňleýärler.

Bu ýerde gadymdan gelýän usullar we tehnologiýalar esasynda milli tagamlaryň, şol sanda Nowruzyň esasy tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşyny, dürli toý we maşgala dessurlarynyň, mysal üçin, çaganyň galpak toýy we onuň ilkinji dişiniň peýda bolmagy bilen baglanyşykly dessurlaryň berjaý edilişini görmek bolýar. Bu sahnalaşdyrylan çäreleriň ählisi aýdym-sazlar, nakyllar hem-de atalar sözleri bilen utgaşdyryldy.

Türkmenistanyň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň – Köneürgenjiň, Gadymy Merwiň, Dehistanyň, Änewiň we beýlekileriň baýramçylyk meýdançasynda ýerleşdirilen uly şekilleri gadymy döwürlere gyzykly gezelenji amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Obasenagat toplumynyň, dokma önümçiliginiň we beýleki ulgamlarynyň önümlerini görkezýän sergide häzirki Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri beýan edilýär.

Çeperçilik sergisi bahar gözelligine, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyna, onuň nazy-nygmatlaryna we tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan adamlara bagyşlýanýar. Sergide ussat suratkeşleriň eserleri, şeýle hem türkmen halkynyňs döredijilik däplerini ussatlyk dowam etdirýän ýaş suratkeşleriň işleri ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndan getirilen suratlaryň üsti Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijilik işleri bilen ýetirildi.

Adamlaryň baýramçylyk gezelençleri şol ýerde gazanlarda taýýarlanylan tagamlary hödürlemek bilen utgaşdyryldy. Gazanlaryň golaýynda üsti dürli tagamlardan we naz-nygmatlardan doldurylan stollar goýuldy. Şol tagamlaryň ählisinden dadyp görmek bolýardy we myhmanlar milli tagamlardan uly höwes bilen datdylar. Nahardan soň, düýe çalyny ýa-da açyk otda tüňçede gaýnadylan gök çaý içip bolýar.

“Türkmeniň ak öýüniň” sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyna laýyklykda, edebi- aýdym-sazly we folklor-etnografiki kompozisiýalar, tans çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, halk we häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. Olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eýýamy wasp edildi.

Tomaşaçylara özboluşly horeografiki kompozisiýalar hem-de aýdym-sazly çykyşlar hödürlenildi, olarda milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Bu döredijilik çäresi gadymy Nowruzyň ajaýyp däpleriniň häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýändigine, biziň mirasymyzyň bolsa häzirki nesiller bilen berk baglanyşyklydygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Nowruz mynasybetli dabaralar “Bagt köşgüniň” ýanyndaky “Toý mekanynda” dowam etdirildi, bu ýerde toý sadakasy berildi.

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde we Aşgabat şäherinde hem baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler geçirildi.

Degişli makalalar

Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Ashgabat 2017 5th Asian Indoor and Martial Arts Games (AIMAG) Video