21.2 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Halkara Pul Gaznasynyň Türkmenistan Boýunça Ýolbaşçysy Bilen Sanly Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk

BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine seredip geçdiler, dünýädäki makroykdysady ýagdaýyň ösüşine baha berdiler, şeýle-de geljekki özara gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Degişli makalalar

Microsoft Kompaniýasy – Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Möhletinden Öň Çykyp Gidenleriň Ýerine Mejlisiň Deputatlygyna, Şeýle Hem Halk Maslahatlaryna we Geňeşlere Dalaşgärler Hödürlenilýär