26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Futbol Çempionaty-2019: Sanlar we Maglumatlar

Birinji bölüm: Materiallar toplumy bilen wagtlaýynça arakesmä çykan Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň käbir hasaplamalary bilen tanyşlygy ýola goýýarys.

Bilşiňiz ýaly, 27-nji gezek geçirilen Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 2019-njy ýyldaky futbol möwsümi yzda galdy. Futbol boýunça Ýokary ligamyza 2019-njy ýylyň mart aýynyñ 12-sine badalga berlip, dekabr aýynyñ 10-na çenli dowam etdi. Ýokary Ligamyz 4 aýlawdan ybarat bolup, oňa 8 topar gatnaşdy. Olar Aşgabat şäherinden «Altyn Asyr», «Aşgabat», «Köpetdag» we Ahal welaýatynyň Änew şäherinden «Ahal», Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden «Nebitçi», bu welaýatyň Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam», Mary welaýatynyň Mary şäherinden «Merw» we bu welaýatyň Türkmenbaşy şäherçesinden «Energetik» toparlarydyr.

Geçen möwsümiň ilkinji gollaryny geçirmek futbolçylaryň ikisiniň paýyna düşdi. Olaryň biri 2018-nji ýyldaky futbol möwsüminde iñ ökde we iñ köp gol geçiren futbolçy diýlip saýlanan “Altyn Asyr” toparynyñ hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewdir. Paýtagtymyzyň topary şol duşuşykda öz meýdançasynda daşoguzly emin Alibek Sapaýewiňem eminlik etmeginde «Nebitçi» toparyny kabul edip, 5-2 hasabynda ýeňiş gazandy.
Altymyrat şol duşuşykda 9-njy minutda tapawutlanmagy başardy. Şol günüň beýleki duşuşygynda hem netijeli urgy oýnuň 9-njy minutynda geçirildi. Şol duşuşykda «Köpetdag» toparyndan Baýramgeldi Gulmaýew tapawutlandy. Baýramgeldiniň topary şol oýun gününde myhmançylykda Mary şäheriniň sport toplumynda Akmyrat Gurbanowyň eminlik etmeginde, 1500 tomaşaçynyň tomaşa etmeginde «Energetik» toparyny 0-3 hasabynda ýeňmegi başardy.
Hezret Hojagulyýew,
sport synçysy.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Geçirilen Duşuşyk

syrach

Daşoguz Welaýatynda Eýýäm Şaly Ekmek Üçin Niýetlenen Meýdanyň Dörden Bir Böleginden Gowragynda Ekiş Geçirildi

Diller Dünýäsi