23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SAGLYK

Hereketde Bolmak we Dogry Iýmitlenmek Sagdynlygyň Baş Şertleridir

«Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen jümle bar. Bu jümle her döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmeýär. Her bir adamyň durmuş ýagdaýy onuň saglygyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek diýseň wajypdyr.

Sagdynlyk şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we ýaşaýşyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýandyr we her bir adama başardýandyr.

Gün tertibini saklamak, dogry we oňat gurnalan zähmet, dynç alyşlar we ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär.

Çilim çekmeklik, spirtli içgilere ýykgyn etmek — ömri gysgaldýar. Olar adamy tiz garradýar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende bedeniň kuwwatlylygy artýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertler: beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirip, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi şu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär. Sport türgenleşiklerine yzygiderli gatnaşmak wajypdyr. Oňat netijeleri gazanmak üçin bu türgenleşikleri uzak wagtyň dowamynda ýerine ýetirmelidir.

Dogry iýmitlenmegiň talaplaryny berjaý ediň!

Dogry iýmitlenmek — bu beden üçin zerur bolan ýokumly iýmiti kabul etmekdir. Dogry iýmitlenmegiň esasy kadasy çenden artyk iýmezlikdir.

Howul-hara bişirilen naharlardan gaça durmalydyr. Süýjülikler hoz, bal bilen çalşyrylsa peýdalydyr.

Tebigy önümleri (balyk etini, zeýtun, günebakar ýaglaryny, guş etini, gök önümleri, ir-iýmişleri) iýmäge ymtylmalydyr. Bu önümleriň utgaşdyrylmagy, naharlaryň buglanyp taýýarlanmagy, suwuň ýeterlik derejede kabul edilmegi kada laýyk agramy saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden goranmagyň girewidir.

Oňat we dogry saýlanan iýmitlenme — sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzy we Welaýatlary Ösdürmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Wengriýanyň Arasynda Hyzmatdaşlygy Ösdürmek Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşylar

Ilkinji Üstünlik

turkmenhabargullugy