18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmedineżada Zahedan şäherindäki metjidiň ýanynda bolup geçen terrorçylykly partlamalar netijesinde köp sanly adam pidalary we şikes ýetmeleri zerarly gynanç hatyny iberdi.

Onda, hususan-da, şeýle diýilýär: «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar».

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine ruhy durnuklylyk we gujur-gaýrat diläp, Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň hem-de ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatly Türgenleriň Tapawutlanmagy

Kapitanlar Çempion Bolmagy Arzuw Edýärler

Dostluk Konsertiniň Joşguny (Elizaweta Waldemarowna Iwansiw)