29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisini Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisini Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, türkmen halkynyň ählihalk saýlawlarynda mizemez agzybirlik we jebislik, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalydygyny görkezip, döwlet ösüşiniň geljekki ýolunda möhüm ädim ädendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna ýüzlenip, saýlawlaryň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara synçylary hem-de halklara guramalarynyň wekilleri tarapyndan edilen bellikler we teklipler baradaky soragyna jogap berip, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy düzümine 154 adam girýän halkara synçylar toparynyň Türkmenistanda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik we bäsleşlik esasynda geçirilendigini kanagatlanma bilen belländiklerini aýtdy. Olar tarapyndan saýlawçylaryň saýlawlara işjeň gatnaşandygy nygtalyp geçildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň adyndan saýlawlara taýýarlyk görmäge we onuň geçirilmegine işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlygy beýan etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen ähli guramaçylyk çärelerini hem-de saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işleriniň barşyny içgin seljermek barada görkezme berdi. Eger-de saýlaw möwsüminde tehniki taýdan bökdençlikler emele gelen bolsa, ýakyn wagtda saýlawlary geçirmegiň düzgünlerini kadalaşdyrmak we olary halkara ölçeglerine laýyk getirmek bilen baglanyşykly teklipleri aýtmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz ähli teklipleriň içgin öwreniljekdigini hem-de olar maksadalaýyk tapylan ýagdaýynda milli kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä garaljakdygyny aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlaryň meseleleri we günä geçmek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýew iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň iş kesilen raýatlarynyň 828-siniň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we ählihalk saýlawlarynyň ýurdumyzyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrandygyny hem-de türkmen halkynyň saýlap alan döwlet ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklandygyny nygtady.

Mejlisiň Başlygy halkymyzyň Arkadag Prezidenti bilen bitewüdigini äşgär eden saýlawlaryň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, raýatlaryň döwlet işini dolandyrmakdaky ornuy ýokarlandyrmagyň, demokratik hukuklarynyň we erkinliginiň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda ähli hökümet agzalarynyň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine, bellenilen giň möçberli meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ähli ukyplaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy geçen ýekşenbe güni geçirilen ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Mejlise gatnaşyjylara aýdan gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gysgaça çykyş etdi.Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli raýatlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, saýlawlara gatnaşan hem-de ses beren ähli adamlara tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny aýtdy. Munuň özi her birimiziň raýatlyk borjumyz bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda özüni goldap, ses beren saýlawçylaryň ählisine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu gezekki saýlawlaryň jemleriniň bäş ýyl mundan ozal geçirilen saýlawlaryň netijelerinden has ýokary bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu netijeler geçen bäş ýylyň dowamynda uly üstünlikler gazanylandygyna, amala aşyrýan we alyp barýan tutumly işlerimiziň halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlikler, ýurdumyzyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Degişli makalalar

Täze Dostluk Howa Ýollary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Lýuksemburgdaky Ilçisi Ynanç Hatlaryny Gowşurdy

turkmenhabargullugy

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

turkmenhabargullugy