15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistan Çagalar Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşine Hem-de 2018-2022-nji Ýyllar Üçin Zenanlaryň Statusy Boýunça Komissiýasyna Saýlanyldy

Türkmenistan Çagalar Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşine Hem-de 2018-2022-nji Ýyllar Üçin Zenanlaryň Statusy Boýunça Komissiýasyna Saýlanyldy

BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan köptaraply işlerine halkara jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.

Saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek ilatyň saglygyny gowulandyrmaga, türkmenistanlylaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmaga, çagalaryň dogluşyny artdyrmaga, çilim çekmegi we neşekeşligi düýpli azaltmaga gönüden-göni täsir etdi.

Gender meseleleriniň çözülmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda zenanlar ýolbaşçy edaralarynda dürli ýokary wezipelerde işleýärler, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli işlerine gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, bu guramanyň Ösüş Maksatnamasy hem-de beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde Aşgabatda BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça edarasyny hem-de Durnukly ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezini döretmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin BMG-niň derejesinde saýlanyp alnan döwletleriň hataryna girip, 2015-nji ýylda BMG-niň Bütindünýä sammitinde kabul edilen Durnukly Ösuş Maksatlaryny işläp taýýarlamak işine gönüden-göni gatnaşdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

Uşak Uniwersitetinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Çäreler Geçirildi

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach