18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk Güni Bilen Gutlady

Hormatly Prezidentimiz Watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk Güni Bilen Gutlady

Sizi dünýä bileleşigi bilen bilelikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ilkinji gezek giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk türkmen halkynyň, dünýä bileleşiginiň ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýar. Döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmegiň we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir.

Bitarap döwletimiziň degişli döwürler üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna, Ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna, şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna saýlanmagy biziň durmuş-ykdysady syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň tassyklaýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy halklary birleşdirýär, dostlukly gatnaşyklara täze ýollary açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Biz döwrebap howa menzillerini, awtomobil we polat ýollary, ulag hem-de üstaşyr geçelgelerini gurmak arkaly asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerimizi dabaralandyrýarys. Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda «Serhetabat – Turgundy» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi bizift bu ugurdaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da artdyran taryhy waka öwrüldi.

Bitaraplyk parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dumukly ösüşiň hem-de dostlukly hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoludyr. Berkarar döwletimiz bu ugra ygrarly bolup, dünýä ýurtlary, halkara we sebit guramalary bilen asuda durmuşyň hem-de ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýär. Özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýar. Bitarap Turkmenistan dünýä ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Garaşsyz döwletimiz syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly ugurlarda möhüm başlangyçlary öňe sürüp, iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar. 2017-nji – Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda biziň başlangyjymyz boýunça Birleşen Milletler Guramasynyfi Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistan Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. «Aziada – 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Şeýle hem, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde bu Guramanyň Adam hukuklary baradaky geňeşi tarapyndan biziň teklibimiz esasynda «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnama kabul edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu şanly wakalar ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Geljekde hem içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy myza, amatly geosyýasy we geoykdysady şertlerimize, ägirt uly serişde hem-de aň-bilim mümkinçiliklerimize daýanyp, biz nesip bolsa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwreris diýip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Degişli makalalar

Arheologlar we Dikeldijiler Gadymy Paryzdepe Şäherinde Rejeleýiş Işlerini Geçirýärler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze Zaman” Ýaşaýyş Toplumynyň Täze Tapgyrynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Hytaýda “iPhone” Telefonlaryň Satuwy Dikeldilýär