18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasyny döwrebaplaşdyrmak we bu hassahanada ilatymyza ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömeginiň dünýä derejesinde berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 31-nji salgysynda täze 350 orunlyk binalarynyň taslamasyny düzmek we olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak şertinde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Efor Inşaat Ýatyryn Sanaýi we Dyş Tijäret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyga 2012-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgany 2014-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen täze kysymly “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezlerini gurmak we ilatymyza edilýän bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine:

Aşgabat şäherinde döwrebap lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edilen 200 orunlyk “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” mekreziniň hem-de Saglygy goraýyş awtoulaglar kärhanasynyň 230 sany tiz kömek we beýleki awtoulaglar üçin niýetlenen ulagjaýynyň;

Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde döwrebap lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edilen 30 orunlyk “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” mekrezleriniň hem-de 30 sany tiz kömek we beýleki awtoulaglar üçin niýetlenen ulagjaýlarynyň taslamasyny düzmek we desgalary hünärmenleri taýýarlamak şertinde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim we Diş Tijäret A.Ş ” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi “Volkicar”, “Bugatti Veyron”, “Mitsubishi”, “Renault” kysymly häzirki zaman sport awtoulaglarynyň 16 sanysyny Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň hasabyna sport çärelerinde ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermäge borçly edildi.

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanylyp, onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bellenildi.

* * *


Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanylyp, onuň başlyklygyna Türkmenistanyň energetika we senagat ministri bellenildi.

 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

GDA Ýurtlarynyň Birnäçesiniň Baştutanlary Hormatly Prezidentimizi Ýeňiş Güni Bilen Gutladylar

Türkmenhowaýollary Boing-737-800 ýolagçy,,,

syrach

Owganystanda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna Bagyşlap Maslahat Geçirildi

syrach