24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Hormatly Türkmenistanyň Milli Ýygyndy Toparynyň Agzalary!

Hormatly Türkmenistanyň Milli Ýygyndy Toparynyň Agzalary!

Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda mynasyp wekilçilik eden we ýeňiş gazanan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň wekillerine hem-de ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!
Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Sizi Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde 2016-njy ýylyň 7—12-nji dekabry aralygynda geçirilen jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyk, halkara sport giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda uly üstünlikler arzuw edýärin.

Berkarar Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak, olaryň abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmekleri üçin uly alada edilýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek halkymyzyň saglygyny berkitmäge, beden taýdan taplanan we ruhy taýdan baý ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň möhüm we ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň çuň paýhasa ýugrulan «Saglygym — begligim», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly pähimlerinden hem-de döwrüň talaplaryndan ugur alyp, şäherlerimizde we obalarymyzda häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar we beýleki döwrebap sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi.

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we iň gowy dünýä tejribelerini giňden ulanmak arkaly Orta Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmäge uly mümkinçilik berýär hem-de hemmetaraplaýyn ösen nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokary hünärli türgenleri we halkara derejedäki ýygyndy toparlary taýýarlamaga düýpli ýardam edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, aýratyn hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze sahypalar ýazylýar. Bu ajaýyp zamanada ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejedäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň we hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 7—12-nji dekabry aralygynda geçirilen jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýigrimi üç döwletiň toparlarynyň arasynda ezberlikde we ussatlykda saýlanyp, alty altyn, dokuz kümüş we on sekiz bürünç medala, jemi otuz üç medala mynasyp bolup, toparlaýyn birinji orny eýelemegi hem-de Döwlet baýdagymyzy we Türkmenistan Watanymyzyň sport şan-şöhratyny has-da belende götermegi ýurdumyzyň sport taryhynda uly waka boldy. Halkara derejede gazanylan bu ýeňiş Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler gazanylýan sporty ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Geljek ýylda — 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça ýaryşlarda hem siziň üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de belende göterjekdigiňize berk ynanýaryn.

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!
Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Sizi jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, halkara sport giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Döwlet baýdagy mundan beýläk-de belentde parlasyn!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary 2

turkmenhabargullugy

Ilkinji Ýyldyzlar Aşgabat 2017 Oýunlarynyň Ýüzi we Ruhubelentlik Göreldesidir Wideo

“Köpetdag” Myhmançylykda “Energetikden” Üstün Çykdy