28.9 C
Aşkabat
13.05.2024
SPORT

HTTU ýaryşa ýeňiş bilen başlady.

Halkara türkmen-türk uniwersitetitiniň futbolçylary Taýwanyň güýçli “Tatung Company” toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşa ýeňiş bilen başlady.

Ähmiýeti boýunça üçünji Aziýanyň toparlar baýragy ugrunda üç topara bölünen komandalaryň 11-si bäsleşýär. Ýaryşyň düzgünine laýyklykda her topardan ýeňiş gazanan komandalaryň ikisi ýaryşyň final bölegine çykarlar. Bu ýaryş şu ýylyň sentýabrynda futbol topary jemleýji oýunlara gatnaşmaga hukuk gazanan ýurtlaryň birinde geçiriler.

Türkmenistanyň dört gezek çempiony HTTU “Ceres La Salle” (Filippinler), “Tatung Company” (Taýwan) we “Rimyongsu Club” (KHDR) komandalary bilen “B” toparda çykyş eder. Toparyň oýunlary Bakolod (Filippinler) şäherinde geçirilýär.

HHTU-nyň Taýwanyň çempionynyň garşysyna geçiren ilkinji oýna FIFA-nyň emini Rowan Arumughanyň (Hindistan) ýolbaşçylygyndaky halkara eminler topary hyzmat etdi. Oýnuň 16-njy minutynda geçen ýylyň milli ýaryşynyň iň köp pökgi geçirenleriň bäsleşiginde ikinji orny eýelän S.Muhadow Türkmenistanyň çempion toparyny 1:0 hasaby bilen öňe çykardy. Oýnuň tamamlanmagyna 3 minut galanda bolsa ol ikinji pökgini garşydaşyň derwezesine gönükdirip, hasaby 2:0-a ýetirdi.

Netijede HTTU ilkinji 3 oçko gazanyp, ýaryşyň sanawynda öňde barýar. “Ceres La Salle” we “Rimyongsu Club” öz aralarynda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylarr we olaryň hersiniň 1 oçkosy bar.

HTTU Indiki duşuşygyny KHDR-iň çempiony “Rimyongsu Club” bilen geçirer.

Degişli makalalar

Wahyd Orazsähedow Täjigistanyň Iň Netijeli Futbolçysy Bolarmy?

Milli Ýygyndymyzyň Kapitanynyň Çykyş Edýän Topary Özbegistanyň Çempionatyny Deňlik Bilen Başlady

turkmenhabargullugy

Agyr Atletikaçynyň Altyn Medaly we Kikboksingçileriň Uly Üstünligi