19.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SPORT

Sambo göreşi başlanýar.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasaty derejesine galdyran Türkmenistan bu gün halkara sport arenasynda özüni ynamly görkezýär. Muňa milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri sport desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan uly işler hem şaýatlyk edýär. Bu işler ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunsa geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde amala aşyrylýar, şol oýunlar Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylda Agabatda geçiriler.

Şu gün, 10-njy martda Türkmenistan bassyr ikinji ýyl Aziýa federasiýasynyň maksatnamasyna girýän sport we söweş sambosy boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyny – sebitleýin ýaryşy özünde kabul edýär.

Türkmenistanda bu uly sport forumyny guramaga aýratyn buýsanç we ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen taýýarlyk görüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň sambo görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň Aşgabatda geçirilmegi barada ýörite karar kabul etdi hem-de ýakynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde sport äleminde halkara gatnaşyklarynyň mundan beýlek-de ösdürilmegine ýardam etjek hem-de biziň ýurdumyzda giň gerime eýe bolan sport hereketiniň ösmeginde möhim tapgyrlaryň biri boljak bu sebitleýin ýaryşyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjin etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Çempionatyň dabaraly açylyşy şu gün sagat 16-da paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda bolar. Şol ýerde güniň birinji ýarymynda deslapky duşuşyklar, agşam bolsa final duşuşyklary geçiriler. Ýaryşyň birinji güni sambo sporty boýnça erkekleriň we zenanlaryň arasynda, şeýle-de erkekleriň arasynda söweş sambosy boýunça bäş agram derejesinde ýeňijiler belli ediler. Ertir- 11-nji martda bolsa galan dört agram derejesi boýunça ýeňijiler we toparlaýyn bäsleşikde üstün çykanlar belli bolar.

Bulardan başga-da, sambo boýunça Merkezi Aziýanyň häzirki çempionatyny guraýjylar ýaryşa gatnaşýjylary, myhmanlary türkmen paýtagtynyň taryhy ýadygärlikleri we gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen gyzykly medeni meýilnama taýýarladylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabat 2017-niň Şowhunly Ýapylyş Dabarasy

«Iň Gowy Teleoperator» Bäsleşigi Jemlenildi

turkmenhabargullugy

Türkmen samboçylarynyň ynamly ýeňşi

syrach