22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Hususylaşdyrmak Hakynda

Hususylaşdyrmak Hakynda

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli desgalaryny hususylaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi.

2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda geçiriljek söwdalarda ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki desgalaryň jemi 34-sini hususy eýeçilige satmak meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolanyşygynda bolan kärhanalaryň paýnamalarynyň döwlet bukjalary, “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň garamagyndaky hem-de birnäçe beýleki edaralaryň desgalary bar.

Dokma we tikin önümçilikleriniň birnäçesini hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär, däp boýunça dükanlar we söwda nokatlary, hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalar hem-de gurluşygy tamamlanmadyk desgalar hususylaşdyrylan desgalaryň uly bölegini tutar.

Kärhanalaryň hususyýetçilige satylmagy döwlet gaznasyna uly girdeji getirer. Satyljak birnäçe iri desgalaryň başlangyç bahasy millionlarça manada barabardyr. Bu kärhanalaryň eýesiniň bolup netijeli peýdalanylmagy eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerine tutup biljek önümleriň önümçiligini ösdürmäge ýardam berer. Kärhanalaryň döwlete degişli bolmagyndan aýrylmagy döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň Döwlete Dahylsyz Ulgamy: Innowasiýalara Tarap Ugur

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Hormatly Telekeçiler!

syrach