18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Hyundai Engineering Co.,Ltd Kompaniýasy Täze Okuw Kurslaryny Açdy

Hyundai Engineering Co.,Ltd Kompaniýasy Täze Okuw Kurslaryny Açdy

Gyýanly şäherçesinde «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasynyň) kompaniýasynyň polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň binýadynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýan merkezde täze bölüm açyldy. 2017-nji ýylyň ýanwaryndan başlap bu ýerde elektrik enjamlar, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyrma boýunça ilkinji 20 sany hünärmen taýýarlanylyp başlandy. Iki aýlyk okuw kurslary tamamlanandan soňra olar «Hyundai Engineerin Co.,Ltd» kompaniýasyna we beýleki kärhanalara işe ýerleşip bilerler. Okuw merkezinde täze hünär boýunça sapaklary kompaniýanyň işgärleri geçer.

Gyýanlyda hereket edýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýan merkez nazary we amaly sapaklary geçmek üçin zerur bolan ähli zatlar bilen üpjün edilendir. 2016-njy ýylyň maýyndan başlap, bu ýerde jemi 100 adamdan ybarat kebşirleýjileriň iki topary üstünlikli okuw geçdi. Şu aýyň ahyryna çenli üçünji topar hem okuwlaryny tamamlar. Şeýlelikde, isleg bildirilýän bu kär boýunça taýýarlanylan hünärmenleriň umumy sany 147 barar. Geljekde kompaniýa okuw maksatnamasyny giňeltmegi, onuň düzümine täze gurluşyk hünärlerini goşmagy meýilleşdirýär.

Ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolmak bilen «Hyundai Engineerin Co.,Ltd» Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda — ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygy, şeýle hem Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalaryň gurluşygy bar.

Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde «Hyundai Engineering» kompaniýasynyň gatnaşmagynda döwrebap gazhimiýa toplumy gurulýar. Ol ýylda 5 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir. Bu taslamany möhletinden has öň tamamlamak meýilleşdirilýär.

Tebigy gazyň çykarylyşyny gaýtadan işlenilişini artdyrmak, şol sanda Hazaryň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede özleşdirmegiň hasabyna artdyrmak «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasynyň» möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda işleýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagy ýurdy senagatlaşdyrmanyň, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginini ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutujy we eksport harytlarynyň önümçiligini artdyrmaga ýardam eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär, Daşoguz Welaýatynyň Häkiminiň Oba Hojalyk Boýunça Orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň MAKSATNAMASY

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy

turkmenhabargullugy

Näme Üçin Meşhur Bolmagy Isleýärsiñiz?