22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Adyndan 1941-1945-nji Ýyllaryň Urşuna Gatnaşan Weteranlara we Söweşde Wepat Bolanlaryň Ýanýoldaşlaryna Gymmat Bahaly Sowgatlar Gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Adyndan 1941-1945-nji Ýyllaryň Urşuna Gatnaşan Weteranlara we Söweşde Wepat Bolanlaryň Ýanýoldaşlaryna Gymmat Bahaly Sowgatlar Gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny hatyralamak çäresi boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.

Mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny we azatlygyny goran, geljek nesiller üçin bolan göreşleriň kynçylykly pursatlaryny başyndan geçiren ynsanlara maý günleriniň ajaýyp baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlag sözleri aýdyldy.

Mähriban weteranlar we urşuň yzynda zähmet çekenler şol gazaply ýyllarda Watana bolan mukaddes wepany ykrar eden ak saçly ýaşulular we mähriban eneler biz üçin edermenligiň, hakyky watansöýüjiligiň belent nusgasy bolup durýarlar.

Şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda taryhy sene mynasybetli maslahatlar, duşuşyklar, çeperçilik sergileri, döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Dünýäni faşizm belasyndan goran we Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran Watan gahrymanlarynyň hormatyna sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy.

“Mekan” köşgünde geçirilen dabara frontçy weteranlar we urşuň yzynda galan zenanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher häkimliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýerde guralan çärede kyrkynjy ýyllaryň nesillerine, olaryň mähriban Watanymyzyň azatlygynyň, garaşsyzlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine görkezen edermenligine çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Olaryň mähriban topraga bolan söýgüsi hormata mynasypdyr hem-de taryhy hakydany aýawly goramak, pederlerimiziň şahratly däplerine hormat goýmak ýaly mukaddes borja wepaly ýaş nesiller üçin ýokary ahlak ýörelgeleri bolup durýar.

Weteranlar we urşuň yzynda galan zenanlar ýaşluly nesiller hakda edýän yzygiderli aladasy, urşa gatnaşyjylara we söweşlerde wepat bolanlaryň maşgalalaryna bildirilýän hormat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda weteranlaryň mynasyp durmuşy üçin köpsanly ýeňillikleri özünde jemleýän amatlyklar üpjün edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şäherleri we obalary gülläp ösýär, halkymyzyň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Her bir türkmenistanlynyň netijeli zähmeti we döwrebap dynç alşy üçin aňrybaş mümkinçilikler ýola goýulýar. Ýaş nesilleriň mähriban Watanymyza söýginiň hem-de wepalylygyň ruhunda, gadymy milli däpleriň esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Dabara gatnaşýan weteranlara we urşuň yzynda galan zenanlara ýadygärlik sowgatlar we güller dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra belli aýdym-saz, folklor we tans toparlary, meşhur aýdymçylary, ýaş artistler, zehinli çagalar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde guralan konsert maksatnamasyna harby döwrüň aýdymlary, belli türkmen kompozitorlarynyň we häzirkizaman awtorlarynyň ýurdumyzyň meşhur şahyrlarynyň goşgularyna döreden aýdym-saz eseri girizildi.

Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň medeniýet merkezlerinde uruş weteranlaryny we söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar 9-njy maýda geçiriler. Şol gün halkymyz hoşniýetliligi, nuranalygy, dünýä halklarynyň häzirki bagtyýar döwrüni we nurana geljegini dabaralandyrýan baýramçylyk bolan Ýeňiş gününi garşylar. Şol gün 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanyna bagyşlanyp esaslandyrylan “Halk hakydasy” Memorial toplumda, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde ajaýyp ýadygärliklere gül goýmak dabarasy geçiriler.

Degişli makalalar

«John Deere» Kombaýnlarynyň Iň Täze Nusgalary Türkmen Ekerançylarynyň Ygtyýaryna Gelip Gowuşdy Fotosuratlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

“Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagynda Iri Sport Toplumy Açyldy