15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Ilkinji Üstünlik

Duralgadaky adamlar awtobusa garaşyp durdylar. Şolaryñ arasynda Maksat hem bardy. Onuñ şu wagt keýpi ýokdy. Onuñ hem düýp sebäbi boks boýunça geçirilen ýaryşda ilkinji üçlüge düşmek nesip etmedi. Ilkinji gezek çykyş edenligi üçin bolmagy ahmal,bir hili susdy basylyp, öwrenen zatlaryny herekete getirmek başartmady. Şol wagt Maksadyñ obadaşy Nazar aga hem gelip ýetdi. Maksat ony tanap ýanyna bardy we olar mähirli görüşdiler. Awtobusyñ içinde özara gürrüñdeşlik gyzyşdy. Nazar aga şäheriñ hassahanasynda lukman bolup işleýärdi. Dynç alyşy obada geçirmek maksady bilen barýandygyny aýtdy. Ýaşuly lukman ýigidiñ keýpiniñ ýokdugyny añdy. Ýaş türgen ýaryş barada,netijesi barada gürriñ berdi. Maksat gepini soñlap-soñlamanka, awtobusyñ öñki hatarlarynda bir ýolagçy haly agyrlaşyp, özünden gidenini görenler howsala düşüp başladylar. Nazar aga haýal etmän hassanyñ ýanyna baryp, gan-damarlarynyñ urşuny barlady, hem-de ýüreginde bir kemçiligiñ bardygyny anyklady.Maksady ýanyna çagyryp:

-inim, bu adamyñ ýagdaýy öwerlikli däl. Sag eliñe boks elligiñi geý-de meniñ görkezen ýerime batly ur. Sebäbini soñ düşündirýän. Tijen, wagt gidip dur. Hassany ýitirmejek bolaly!

Maksat tejribeli lukmanyñ aýdanyny iki gaýtalatmady. Kellesine her dürli pikirler gelse-de, Nazar aganyñ aýdyşy, ýaly sag eli bilen hassanyñ çep tarapyna, döş kapasanyñ ýürek ýerleşen bölegine iki gezek urdy. Geçirilen güýçli urgylardan biraz wagt geçen soñ hassanyñ ýagdaýy gowulaşan ýaly boldy. Awtobus hem gelmeli nokadyna gelen badyna «Tiz kömegi» çagyrdylar. Ýarawsyz özüni gowy duýup, keselhana gitdi.

Şol duralga ýakyn ýerde naharhana bardy. Maksatdyr Nazar aga ikisi garbanmak üçin bu ýere girdiler. Çaý başynda ýaşuly lukman öz işleri barada hem- de awtobusdaky ýagdaýy ýigide gürrüñ berdi. Käsesine çaý guýup şeýle diýdi:

– Maksat jan inim, biler bolsañ, ýeñiş gazanyp bilmedim diýip hiç hili gynanma. Öz sportuñ bilen bir adamyñ janyny halas etdiñ! Eýsem-de bu iñ uly üstünlik dälmi!?

Maksat ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi. Bolup geçen zatlary nähili kabul etjegini hem bilmedi. Tizräk öýüne ýetmäge howlukdy. Soñra bular naharhanadan çykyp, öýlerine tarap ugradylar.

Döwletgeldi ÝAGMYROW, Halaç etrabynyñ 35-nji mekdebiniñ mugallymy.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Ýolagçylar Üçin Gümrük Düzgünleri (Harytlar Hakynda)

turkmenhabargullugy

Magtymgulynyň eserleri dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir

syrach