19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
SPORT

Türkmen futbolçylary AFK-2012 çagyryş Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary AFK-2012 çagyryş Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga möhletinden öň hukuk gazandylar. Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Ý.Hojageldiýewiň şägirtleri bu üstünlige Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda dowam edýän “B” toparyndaky saýlama oýunlarda ikinji gezek eňiş gazanmak bilen mynasyp boldular.

Mälim bolşy ýaly, birinji duşuşykda biziň ildeşlerimiz Pakistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdiler. Ikinji duşuşykda bolsa Taýwanyň futbolçylaryny 2:0 hasaby bilen ýeňdiler we 6 oçko topladylar.

Başlangyç oýunlarda Hindistanyň toparyndan 0:3 hasaby bilen ýeňilen taýwanlylar üçin Türkmenistanyň ýygyndy topary bilen duşuşyk uly ähmiete eýe bolup durýardy. Bu duşuşykda diňe oňyn netije olara topardan çykmaga mümkinçilik berýärdi.

Türkmenistanlylar hasaby eýýäm duşuşygyň başynda açyp bilýärdiler. Hüjüme goşulan N.Çöliýewi garşydaşlaryň jerime meýdançasynda ýykdylar, emma tejribeli taýwanly derwezeban 11 metrlik jerime urgusyny yzyna gaýtarmagy başardy.

Oýnuň 73-nji minutynda emin Taýwanyň ýygyndy toparynyň derwezezine tarap ýene-de 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Derwezeban pökgini ýene-de yzyna gaýtarmagy başardy, emma pökgini gaýtadan urmaga ýetişen B.Şamyradow Türkmenistanyň toparyny 1:0 hasaby bilen öňe çykardy.

Biziň futbolçylarymyzyň üstünligini oýnuň 76-njy minutynda G.Hangeldiýew ajaýyp urgusy bilen berkitdi.

Türkmenistanyň ýygyndy topary şu düzümde çykyş etdi: Alihanow, Goçgulyýew, Annageldiýew, Hojaahmedow, Soýunow (Belyh, 46), Çöliýew, Hangeldiýew, Amanow, Garajaýew (Çonkaýew, 69), Şamyradow (Karadanow, 75) Boliýan.

Soňky duşuşykda biziň futbolçylarymyz 2008-nji ýylyň çagyryş Kubogynyň eýesi – Hindistanyň topary bilen bäsleşer. Bu topar ýaryşyň ikinji tapgyrynda Pakistanyň ýygyndy toparyny 3:1 hasaby bilen eňip, 6 oçko toplady we jemleýji oýunlara gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ikinji tapgyryň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri. “A” topary (oýunlar Ýangonda geçirilýär): Filippinler – Palestina – 0:0, Bangladeş – Mýanma – 2:0. Toparlaryň ýagdaýy: Palestina – 4 oçko, Bangladeş – 3, Filippinler – 2, Mýanma -1. “Ç” topary (oýunlar Malede geçirilýär): Gyrgyzystan Respublikasy – Maldiwler -1:2, Kamboja – Täjigistan – 0:3. Toparlaryň ýagdaýy: Maldiwler, Täjigistan – hersiniň 6 oçkosy bar, Gyrgyzystan, Kamboja – 0.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Hindistanyň toparlarynyň yzysüre AFK-2012 çagyryş Kubogynyň jemleýji oýunlaryna gatnaşmaga, şeýle hem möhletinden öň Täjigistanyň we Maldiwler adalarynyň ýygyndy toparlary hukuk gazandylar. Ýaryşyň esasy tapgyryna gatnaşjak toparlaryň ýene-de ikisi “A” toparynda oýunlaryň jemleýji güni kesgitlener.

Ozal habar berlişi ýaly, AFK-2012 çagyryş Kubogynyň eýesi Awstraliýada 2015-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýaşlar Düzümleriniň Gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň Birinjiliginiň 5-nji Tapgyry Geçiriler

Türkmen Mergenleriniň Ilkinji Medallary

syrach

Çeperçilik Akademiýasynyň Sergi Merkezinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Eserleriň Sergisi Açyldy

turkmenhabargullugy