16.04.2026
DÜNÝÄ

Kerimow resmi sapar bilen Hindistana gider

Özbegistanyñ Prezidenti Yslam Kerimow maý aýynyñ 17-i bilen 19-y arasynda resmi sapar bilen Hindistana gider.

Saparyñ çäginde iki ýurduñ arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebiti ýakyndan gyzyklandyrýan Owganystan meselesi hakynda pikir alyşylar.

Mundan başgada taraplaryñ tebigy gaz bilen birlikde energetika meselesini gün tertibine getirmegine garaşylýar.

Özbegistanyñ gysgaça ady TAPY bolan Türkmenistanyñ, Owganystanyñ, Pakistanyñ we Hindistanyñ arasyndaky tebigy gaz turbo geçiriji liniýasyna goşulyp biljekdigi öñe sürülýär.

Özbek lideri Kerimowyñ Özbegistanyñ adyndan Hindistana Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agzalygy meselesinde goldaw sözüni bermegine garaşylýar.

Özbegistan bilen Hindistanyñ arasyndaky hyzmatdaşlyk barha pugtalanýar.

Saparyñ çäginde iki ýurduñ arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişiler. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ýewrowideniýe 2015 Ýeňijisi Şwesiýa Boldy

syrach

BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 15 ýyllygy we bu şanly senä bagyşlanan Halkara maslahatynyň geçirilmegi mynasybetli iberen haty

syrach

Metbugat Beýannamasy: Türkmen we Iňlis Dilindäki Ilkinji Sesli Sözlük – “Makul Sözlük”